Aragatnaşykçylaryň arasynda “Öz hünäriniň ussady” bäsleşigi geçirildi

13 Iýun 2023
1239

2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde “Öz hünäriniň ussady” atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

“Öz hünäriniň ussady” atly bäsleşik “Türkmentelekom”  EAK-nyň, “Türkmenpoçta” PAK-nyň, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-niň, “Altyn Asyr” ÝGPJ-niň hünärmenleriniň hem-de “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda birnäçe gün şowhunly we gyzgalaňly ýagdaýda dowam edip, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde bäsleşigiň jemi jemlendi we ýeňijileri yglan edildi.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar