Türkmenistan we Ýaponiýa sanlylaşdyrmak babatynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

19 Iýun 2023
1074

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň sanly işler ministri Taro Kono bilen duşuşdy. Bu barada diplomatik wekilhananyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda häzirki zaman dünýäsinde sanlylaşdyrmagy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Sanlylaşdyrmak ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär, döwlet hyzmatlarynyň gowulandyrylmagyna we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Beýleki habarlar