Sanly ulgam gümrük gullugynda

5 Iýun 2023
859

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokady bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň «Alat» gümrük nokadynyň arasynda «sanly TIR» ulgamyny ulanmak esasynda synaglar geçirildi.

1-2-nji iýunda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň serhedinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokady bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň «Alat» gümrük nokadynyň arasynda ilkinji gezek «sanly TIR» ulgamyny ulanmak bilen, ýükleriň daşalmagy amala aşyryldy. Ýükleriň gümrük serhedinden geçirilmeginde iki ýurduň hem gümrük edaralary sanly üstaşyr kepilliklerini üstünlikli durmuşa geçirdiler.

Çeşme: www.customs.gov.tm
Beýleki habarlar