Arkadag şäherinde 123 belgili aragatnaşyk ulgamy ornaşdyryldy

21 Maý 2023
1170

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji maýda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine bardy we ol ýerde şäheri sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.

Beýleki habarlar