AŞTU işewürlere Ethernet hususy lokal torlary döretmegi teklip edýär

21 Maý 2023
1310

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ (AŞTU) telekeçilere Aşgabatdaky öz ofisleriniň we bölümçeleriniň arasynda maglumatlary alyşmak üçin ýerli torlary döretmek hyzmaty bolan Ethernetden peýdalanmagy teklip edýär.

Ýerli tor Ethernetde kärhananyň ähli işçi beketleri (kompýuterler, kassa enjamlary we ş.m.) bir sany bilelikde ulanylýan aragatnaşyk kanalyna birikdirilýär. Şeýlelik bilen, internete birikmezden uzakdan elýeterliligi bolan hususy ýokary tizlikli maglumatlar tory döredilýär.

Beýleki habarlar