Ýokary täsirli suw süzgüji

30 Maý 2023
1131

Koreýaly alymlar kiçijik plastmassa bölejiklerini we beýleki hapalaýjy maddalary süzýän täze suw arassalaýyş ulgamyny döretdiler. Bu işde alymlar kowalent triazen çarçuwasyny ulandylar. Bu çig malyň ýerüsti meýdanynyň gözenekliligi örän ýokary. Ylmy-barlag topary «molekulalary saklamak üçin ýeterlik ýer bar» diýip ýazýarlar. Şeýle çig mallar senagatda hapa suwlary organiki boýaglardan arassalamakda esasy serişdedir. Alymlar suwy has gowy süzmek üçin CTF-de molekulalary üýtgetdiler we ony ýeňil okislenmä sezewar etdiler. Emele gelen süzgüjiň peýdasy uly boldy. Ol mikroplastikany we hapalaýjylaryň 99,9 göterimden gowragyny 10 sekundyň içinde suwdan aýyrdy. Şeýle hem bu çig maly öndürijiligi peselmezden köp gezek ulanyp bolar. Mundan başga-da, alymlar polimeriň Gün şöhlesini siňdirýän, energiýany ýylylyga öwürýän we üýtgedip durýan organiki birleşmelerden (VOC) suwy arassalamak üçin ulanylýan görnüşini hem döretdiler. Bu diňe Gün şöhlelerini ulanyp, VOC-laryň 98 göterimden gowragyny aýyrmaga mümkinçilik berdi.

Begenç MERETKLYÇEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar