Dünýäniň oba hojalygyny özgerdýän tehnologiýalar

6 Iýun 2023
987

Soňky ýyllarda dünýäniň oba hojalykçy bilermenleri we alymlary oba hojalygynda zähmet çekýän daýhanlaryň, maldarlaryň işleriniň oňyn özgermeginde döwrebap tehnologiýalaryň örän uly paýynyň bardygyny belleýärler. Aýratyn hem ýylyň dowamynda üznüksiz önümçilik hasaplanylýan oba hojalyk pudagynda adam zähmetiniň ýeňilleşmeginde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ähmiýeti uludyr. Şol tehnologiýalaryň içgin öwrenilmegi we durmuşa ornaşdyrylmagy öndürilýän önümiň mukdaryna, elýeterliligine amatly täsir edip, oba hojalyk önümleriniň ykdysady taýdan düşewüntliligini artdyrýar.

Oba hojalykçylar üçin ýörite niýetlenilip döredilen datçikler ekerançylykda — topragyň we howanyň ýagdaýyny, maldarçylykda — mallaryň bedeniniň gyzgynlygyny, telematik oba hojalyk tehnikalarynda — ýüze çykýan näsazlygy mehanizatora ýa-da mehanige öz wagtynda görkezýän we haýsy enjamda ýüze çykandygyny duýdurýan zerur enjamlar hasaplanylýar. Munuň özi wagty tygşytlamaga hem-de kemçiligi dessine düzetmäge, önümçiligiň togtamagynyň öňüni almaga ýardam berýär. Ylmy taýdan esaslandyrylan bu häzirki zaman enjamlary 2017-nji ýylda biziň oba hojalykçylarymyz tarapyndan doly tassyklanylyp, birkemsiz ornaşdyrylyp başlandy.

Awdulhamid AZIZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar