"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Türkmenistanyň derman senagatynyň önümleri

Buýan köküniň esasynda taýýarlanýan bu derman serişdeleri immuniteti pugtalandyryjy, çişi gaýtaryjy, gakylygy gopduryjy, gysylmany aýryjy (spazmolitiki), ýarany bitiriji täsire eýe bolup, aşgazan-içege we dem alyş ýollarynyň kesellerinde, meselem, bronhitde, bronhopnewmoniýada, bronhoektazda ulanmak üçin niýetlenendir. Buýan köküniň şerbedini süýjüli diabetde ulanmak maslahat berilmeýär. Buýan kökünden taýýarlanan derman serişdelerini lukmanyň maslahaty esasynda kabul etmeli.  Arassalanan buýan köki

Hereket saglykdyr

Her bir ynsan ýaşyna garamazdan hereketde bolmalydyr. Hereketliligiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Onuň hataryna beden maşklary, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, welosiped sürmek, gimnastika, aerobika bilen meşgullanmak ýaly görnüşler girýär. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny berkidýär. Fiziki maşklar bedene diňe bir syrdamlylyk bermek bilen çäklenmän, eýsem, işden, okuw sapaklaryndan soňky ýadawlygy aýryp, saglygy berkidýär, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Şeýle-de bedeniň çeýeligini, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanyşygyny sazlaýar. Kesellerden goranmagy daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, iki metr howpsuz aralygy saklamak bilen utgaşdyryň! Eger-de nähoşlugyň ilkinji alamatlaryny duýsaňyz, hökman, maşgala lukmanyna ýüz tutuň!

Saglyk üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli döwlet derejesindäki çäreleri talaplara laýyk geçirilýär. Ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar. Şol maksat bilen her birimiz:

Mämişi melhem

Mundan 4 müň ýyl ozal ýaşap geçen ata-babalarymyz üçin käşiriň benewşe reňkli, ajy tagamly ösümlik bolandygyndan köpleriň habary-da ýokdur. Ol döwürler bu önümi diňe ýakymly ysly tohumy üçin ösdürip ýetişdiripdirler. Bize belli bolan mämişi reňkli käşir bolsa XVII asyrda Gollandiýada peýda bolup, diňe ýaňy-ýakynda ylym onuň adamyň saglygyna oňyn täsirini resmi taýdan tassyklady. Käşiriň ýiti mämişi reňki onuň düzüminde beta-karotiniň uly möçberiniň bardygyna şaýatlyk edýär. Bary-ýogy iki käşir iýmek bilen bedeniň şu witamine bolan bir günlük talabynyň ýerini dolup bolýandygyny lukmanlar tassyklaýarlar.

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

RADDENIŇ KEPPEGÖWENI

Saglyk hakda alada

Dünýädäki epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, howply ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak, arassaçylyk tertip-düzgüni barada giň gerimli düşündiriş işleri alnyp barylýar.Maslahatlar çap edilýär, ilat arasynda ýokanç keselleriň öňüni alyş işleri barada yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Maşgala lukmanlary tarapyndan ilat arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym edilýär. Çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň, talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işleri has-da güýçlendirilýär we berk gözegçilige alynýar. Saglygy goraýyş edaralarynda ýokanç keseller barada amaly-okuw maslahatlary guralýar. Baş dermanhana birleşigi we «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi tarapyndan ähli zerur bolan dermanlar we saglyk maksatly enjamlar bilen üpjün etmek işleri doly amala aşyrylýar.

Sagdynlyk — ruhubelentlik

Halkyň saglygyny goramakda döwletimizde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda birnäçe saglyk merkezleri, köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, tiz kömek merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Olar dünýäniň ösen döwletleriniň ygtybarly enjamlary bilen üpjün edilip, her bir raýatynyň saglygyny berkitmekde gije-gündiz hyzmat edýär. Ýurdumyzda ýiti ýokanç kesele garşy dünýäniň häzirki epidemiologik ýagdaýy nazara alnyp, öňüni alyş çäreleriniň talaplaryny berjaý etmek boýunça hem birnäçe wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Halkyň saglygynyň goralmagynda lukmanlardyr jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem çetde durmaýarlar. Howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak barada giňişleýin düşündirişler dowamly alnyp barylýar. Örtük ir döwürden bäri hem lukmançylykda ulanylypdyr. Ýokanç keselleriň öňüni almak üçin nähilidir bir goragyň gerekligi bilen bagly zerurlyk onuň döremeginiň esasy sebäbi bolupdyr.

Sagdyn jemgyýet — kuwwatly döwlet

Şeýle at bilen Kaka etrabynyň Medeniýet öýüniň kiçi mejlisler jaýynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda bolan duşuşyga bilim, medeniýet, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary bilen sportuň her bir türkmenistanlynyň ýakyn hemrasyna öwrülýändigi, ýurdumyzda ynsan bähbitlerini nazarlaýan işleriň durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmagyň özeninde hormatly Prezidentimiziň il-günimiziň bagtyýarlygy we abadançylygy, beden we ruhy sagdynlygy babatdaky tagallalary durandyr.

Lukmanyň maslahaty

Saglyk — gymmatly baýlyk. Bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek zerur. — Dogry iýmitleniň! Witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Olary iýmezden ozal, gowy edip ýuwmagy ýatdan çykarmaň! Tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!

Saglyk — bahasyz baýlyk

•Egin-eşikleriňiz rahat hem-de ýyly bolmaly. Gyş günleri ýüňden tikilen eşikleri geýmek has gowy. •Gök önümleri we miweleri iýmezden ozal, gyzgyn suw bilen gowy edip ýuwmaly.

Halkymyzyň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy

Ýakynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş ulgamynda teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy geçirildi. Foruma Germaniýanyň Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň alym-professorlary, ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, ylmy-kliniki merkezleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, saglygy goraýyş ulgamynyň welaýatlardaky we paýtagtymyzdaky düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bu duşuşykda urologiýa we ginekologiýa, çagalar urologiýasy we ginekologiýasy meselelerine üns berildi. Forumyň dowamynda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldy, keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş usullary beýan edildi.

Ýurdumyzyň baş gymmatlygy

15-nji fewralda wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurdumyzdaky edarasy bilen bilelikde, habar beriş serişdeleri üçin onlaýn duşuşygyny geçirdi. Onda ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazananlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça habarlary taýýarlamak babatda žurnalistleriň bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda elektron serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärede ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristina Weýgand çykyş edip, duşuşygyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan we halkara ölçeglere kybap gelýän meýilnamanyň diňe amala aşyrylmagyny seljermäge däl-de, eýsem, ony geljekde üstünlikli amala aşyrmak, öňüni alyş çärelerini netijeli wagyz etmek üçin bar bolan serişdeleri jemlemäge mümkinçilik döredýändigini belledi.

Barlaghana alakalarynyň eksperimental aterosklerozynda türkmen arçasynyň gaýnatmasynyň bagyr dokumasyna täsiri

Şu günki günde ateroskleroz we onuň bilen baglanyşykly keseller dünýäniň aglaba ýurtlarynyň halkynyň maýypçylygynyň we ýokary ölümçiliginiň esasy sebäpleri bolup durýar [2]. Aterosklerozyň etiologik faktorlarynyň biri dislipidemiýa bolup, ol damar endoteliýasynyň proaterogen işjeňleşmegine we disfunksional ýagdaýynyň inisiasiýasyna alyp barýar. Soňabaka endoteliýanyň zeperlenmegi beýleki wazotoksik komponentleriň täsirleri bilen bilelikde aterosklerotik hadysanyň möwjemegine getirýär [4]. Ýokarda aýdylanlar aterosklerozyň we onuň gaýraüzülmeleriniň öňüni almak we bejermek çärelerini gözläp tapmagyň, işläp düzmegiň, ornaşdyrmagyň we kämilleşdirmegiň zerurdygyny esaslandyrýar. Aterosklerozyň bejergisinde we öňüniň alynmagynda ulanylýan derman serişdeleri lipoproteinleriň aterogen fraksiýalarynyň derejesini kadalaşdyrmak, antiaterogen holesteriniň mukdaryny ýokarlandyrmak, lipidleriň erkin radikal okislenmesiniň intensiwligini peseltmek, antioksidant güýçleri işjeňleşdirmek, organizmiň immun ýagdaýyny we gaýnaglama hadysalaryny sazlaşdyrmak, aterotrombozyň ösmegine päsgel bermek ýaly talaplara laýyk gelmelidir [1]. Işiň maksady – barlaghana alakalarynyň eksperimental aterosklerozynda bagyr dokumasyna türkmen arçasynyň miwesiniň gaýnatmasynyň täsirini öwrenmek.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Ýygy keselleýän çagalarda buýan köküniň demlemesiniň ulanylyşynyň netijeliligi

Ýiti respirator ýokançlar (ÝRÝ) bilen ýygy keselleýän çagalar (ÝKÇ) pediatriýanyň wajyp lukmançylyk we sosial meselesidir. ÝKÇ 7 ýaşa çenli çagalaryň keselleýjiliginiň umumy sanynyň 25%-ni düzýär we çagalarda hasaba alnan ÝRÝ hemmesiniň 70-85% olaryň paýyna düşýär. Olar dünýäde kesellemegiň düzüminde öňde barýan orunlaryň birini eýeleýär. ÝRÝ düýpli gaýraüzülmeleriň emele gelmek howpuny ýokarlandyrýar, ösüp gelýän bedeniň saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär hem-de bäbekleriň we çagalaryň ep-esli böleginiň ölümine sebäp bolýar [2, 6-8]. Ýygy keselleýän çagalarda respirator ýokançlaryň (RÝ) bejerilişinde we öňüniň alnyşynda bejeriş serişdeleriniň içinde fitobejergi, esasan, buýan köküniň ulanylmagy möhüm orny eýeleýär [6].

Keratitleri bejermekde plazmoterapiýa bilen bandaž linzasynyň utgaşykly ulanylmagynyň kliniki netijeleri

Amaly oftalmologiýada gözüň alawlama keselleri, şol sanda keratitler uly sosial meseleleriň biri bolup durýar, sebäbi bu kesel wagtlaýyn işe ukypsyzlyga (80%) we 10-30% ýagdaýda körlüge getirýär [2, 3]. Dermanlar bilen bejergi keratitleriň has giň ýaýran usuly bolmak bilen, köplenç ýagdaýda oňaýly netije berýär. Keratitlerden soň buýnuz perdäniň epitelizasiýasynyň bozulmagy agressiw bolýar hem-de uzak wagta çekýär, şeýlelikde, antibakterial, alawlama garşy we reparatiw bejergini öz içine alýan standart usullar netije bermeýär. Konserwatiw bejerginiň netijesizliginde, keseliň geçişiniň beterlemesinde, buýnuz perdäniň deşilmek howpunda, awtorlaryň birnäçesiniň bellemegine görä hirurgik bejerginiň patogenetik esaslandyrylan we netijeli usuly bolup durýar, emma bu usulyň amaly taýdan ulanylmagy köp ýagdaýlarda guramaçylyk sebäplere görä mümkin bolmadyk usul bolmaklygyna galýar [1, 2].

Sagdyn iýmitlenmek — saglygyň girewi

Lukman maslahat berýär

■ Arassaçylyk düzgünlerini berk we doly berjaý ediň. Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda gowy sabynlap ýuwuň. ■ Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, gowy ukyňyzy alyň, dogry we kadaly iýmitleniň, gün tertibiňizi dogry düzüň hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň.

Onlaýn duşuşygy geçirildi

Golaýda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ýygnaklar zalynda onlaýn görnüşli duşuşyk geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — gazet-žurnal redaksiýalarynyň žurnalistleri, habarçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda adam saglygyny goramak we arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, häzirki wagtda umumadamzat dünýäsine aralaşan COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak ýaly meseleleriň üstünde durlup geçildi. Bu meselelerde dünýä we sebit habarlaryny ilkinjileriň hatarynda ýetirýän žurnalistleriň işini kämilleşdirmegiň we bu işi dogry maglumatlar esasynda alyp barmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ýerine ýetirilmeli işler, duşuşygy guraýjy BMG-niň Çagalar gaznasynyň — ÝUNISEF-iň ýerine ýetirýän işleri we geljekki maksatnamalaýyn işleri hakda gürrüňler edildi.

Arterial gipertoniýanyň geçişine dürli howp faktorlaryň täsiri

Bütin dünýäde saglygy goraýşyň örän möhüm meselesi arterial gipertoniýa (AG) bolup durýar. AG-nyň 100 ýyldan gowrak taryhy döwürde öwrenilmegi oňa bolan garaýşy we bejerginiň meselelerini tapawutly üýtgetdi. Arterial basyşyň (AB) peselmegi bilen insultlaryň we ýürek işemiýa keseliniň (ÝIK) ýygylygynyň tapawutly azalmagynyň mümkinçiligi subut edildi. Şunuň bilen baglylykda umumy ilatyň arasynda AB-y peseltmäge gönükdirilen düýpli maksatnamalaryň gerekdigi aýdyň boldy. Ýöriteleşdirilen, şahsy seçilip alnan antigipertenziw terapiýanyň durmuşa geçirilendiginiň hem wajyplygy pes däldir [1, 3].