Arterial gipertoniýanyň geçişine dürli howp faktorlaryň täsiri

17 Fewral 2021
1341

Bütin dünýäde saglygy goraýşyň örän möhüm meselesi arterial gipertoniýa (AG) bolup durýar. AG-nyň 100 ýyldan gowrak taryhy döwürde öwrenilmegi oňa bolan garaýşy we bejerginiň meselelerini tapawutly üýtgetdi.

Arterial basyşyň (AB) peselmegi bilen insultlaryň we ýürek işemiýa keseliniň (ÝIK) ýygylygynyň tapawutly azalmagynyň mümkinçiligi subut edildi. Şunuň bilen baglylykda umumy ilatyň arasynda AB-y peseltmäge gönükdirilen düýpli maksatnamalaryň gerekdigi aýdyň boldy. Ýöriteleşdirilen, şahsy seçilip alnan antigipertenziw terapiýanyň durmuşa geçirilendiginiň hem wajyplygy pes däldir [1, 3].

Aşyr ATAÝEW
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana
Beýleki habarlar