Sagdynlyk — ruhubelentlik

18 Fewral 2021
969

Halkyň saglygyny goramakda döwletimizde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda birnäçe saglyk merkezleri, köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, tiz kömek merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Olar dünýäniň ösen döwletleriniň ygtybarly enjamlary bilen üpjün edilip, her bir raýatynyň saglygyny berkitmekde gije-gündiz hyzmat edýär.

Ýurdumyzda ýiti ýokanç kesele garşy dünýäniň häzirki epidemiologik ýagdaýy nazara alnyp, öňüni alyş çäreleriniň talaplaryny berjaý etmek boýunça hem birnäçe wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Halkyň saglygynyň goralmagynda lukmanlardyr jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem çetde durmaýarlar. Howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak barada giňişleýin düşündirişler dowamly alnyp barylýar. Örtük ir döwürden bäri hem lukmançylykda ulanylypdyr. Ýokanç keselleriň öňüni almak üçin nähilidir bir goragyň gerekligi bilen bagly zerurlyk onuň döremeginiň esasy sebäbi bolupdyr.

Begenç GURDOW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar