Barlaghana alakalarynyň eksperimental aterosklerozynda türkmen arçasynyň gaýnatmasynyň bagyr dokumasyna täsiri

17 Fewral 2021
1359

Şu günki günde ateroskleroz we onuň bilen baglanyşykly keseller dünýäniň aglaba ýurtlarynyň halkynyň maýypçylygynyň we ýokary ölümçiliginiň esasy sebäpleri bolup durýar [2]. Aterosklerozyň etiologik faktorlarynyň biri dislipidemiýa bolup, ol damar endoteliýasynyň proaterogen işjeňleşmegine we disfunksional ýagdaýynyň inisiasiýasyna alyp barýar. Soňabaka endoteliýanyň zeperlenmegi beýleki wazotoksik komponentleriň täsirleri bilen bilelikde aterosklerotik hadysanyň möwjemegine getirýär [4]. Ýokarda aýdylanlar aterosklerozyň we onuň gaýraüzülmeleriniň öňüni almak we bejermek çärelerini gözläp tapmagyň, işläp düzmegiň, ornaşdyrmagyň we kämilleşdirmegiň zerurdygyny esaslandyrýar. Aterosklerozyň bejergisinde we öňüniň alynmagynda ulanylýan derman serişdeleri lipoproteinleriň aterogen fraksiýalarynyň derejesini kadalaşdyrmak, antiaterogen holesteriniň mukdaryny ýokarlandyrmak, lipidleriň erkin radikal okislenmesiniň intensiwligini peseltmek, antioksidant güýçleri işjeňleşdirmek, organizmiň immun ýagdaýyny we gaýnaglama hadysalaryny sazlaşdyrmak, aterotrombozyň ösmegine päsgel bermek ýaly talaplara laýyk gelmelidir [1].

Işiň maksady – barlaghana alakalarynyň eksperimental aterosklerozynda bagyr dokumasyna türkmen arçasynyň miwesiniň gaýnatmasynyň täsirini öwrenmek.

Aýbölek TÄÇMUHAMMEDOWA, Annamyrat ALLABERDIÝEW, Ogulgeldi ANNAÝEWA, Aman GELDIÝEW, Gülbahar HANMEDOWA
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýa, patologik fiziologiýa kafedralary, Halkara okuw-ylmy merkezi, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi
Beýleki habarlar