Sagdyn iýmitlenmek — saglygyň girewi

17 Fewral 2021
1556

Gyş paslynda bedene witaminleriň we minerallaryň ýetmezçiligi sebäpli immunitetiň peselmek hadysasy ýüze çykyp bilýär, bu bolsa ýiti respirator keselleri bilen kesellemek howpuny hem artdyrýar. Gowy immun ulgamy diňe bir ýokanç we beýleki ýiti respirator keselleriň öňüni almaga kömek etmän, eýsem, howply täze döremäniň hem öňüni alýar. Immun düzümi kesel döredýän mikroorganizmlere we çiş öýjüklerine garşy göreşýän dürli hili öýjüklerden durýar. Germaniýanyň iýmit guramalarynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, immuniteti berkitmek üçin sink, demir, selen we A, C, D, E witaminleri bedende ýeterlik mukdarda hökman bolmaly. Bu witaminler we mikroelementler gök önümlerde, miwelerde emele gelýär. Ondan başga-da, miwelerde we gök önümlerde saklanýan fitohimiki maddalar bolan karotinoidlar we flawonoidler immun ulgamyna oňyn täsir edýär. Olar immun öýjükleriniň emele gelşini güýçlendirýär.

Beden üçin bu gymmatly maddalar esasan ter miwelerde we gök önümlerde saklanýar, köp mikroelementler gyzgynyň, kislorodyň, ýagtylygyň täsirinde zaýalanýar, şol sebäpli uzak wagtlap saklanylýan önümlerde witaminler we mikroelementler ýitýär ýa-da güýjüni ýitirýär. Esasan-da, C witamini bu bellenen täsirlere has-da duýgurdyr. C witamini gyzgynyň täsirinde örän çalt peýdaly häsiýetini ýitirýär. Şunda kelem bu ýetmezçiligiň çözgüdi bolup durýar. Ol düzüminde askorbin turşusy bolan askorbigeni saklaýar, haçan-da kelemden nahar taýýarlananda, ol dargaýar we C witamini bölünip çykýar. Gyş paslynda iýmitiň düzüminde kelemi köpräk ulanmak maslahat berilýär. C witamini immun düzüminiň esasy bolan, ganda immunuglobulinleriň mukdaryny köpeldýär, limfositleriň işjeňligini ýokarlandyrýar.

Gülnara ROZYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar