Sagdyn jemgyýet — kuwwatly döwlet

18 Fewral 2021
843

Şeýle at bilen Kaka etrabynyň Medeniýet öýüniň kiçi mejlisler jaýynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda bolan duşuşyga bilim, medeniýet, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary bilen sportuň her bir türkmenistanlynyň ýakyn hemrasyna öwrülýändigi, ýurdumyzda ynsan bähbitlerini nazarlaýan işleriň durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmagyň özeninde hormatly Prezidentimiziň il-günimiziň bagtyýarlygy we abadançylygy, beden we ruhy sagdynlygy babatdaky tagallalary durandyr.

Beýleki habarlar