Saglyk hakda alada

18 Fewral 2021
1039

Dünýädäki epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, howply ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak, arassaçylyk tertip-düzgüni barada giň gerimli düşündiriş işleri alnyp barylýar.Maslahatlar çap edilýär, ilat arasynda ýokanç keselleriň öňüni alyş işleri barada yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Maşgala lukmanlary tarapyndan ilat arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym edilýär. Çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň, talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işleri has-da güýçlendirilýär we berk gözegçilige alynýar.

Saglygy goraýyş edaralarynda ýokanç keseller barada amaly-okuw maslahatlary guralýar. Baş dermanhana birleşigi we «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi tarapyndan ähli zerur bolan dermanlar we saglyk maksatly enjamlar bilen üpjün etmek işleri doly amala aşyrylýar.

Güljemal KAIROWA,
Aşgabat şäheriniň 9-njy Saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar