Ýurdumyzyň baş gymmatlygy

17 Fewral 2021
796

15-nji fewralda wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurdumyzdaky edarasy bilen bilelikde, habar beriş serişdeleri üçin onlaýn duşuşygyny geçirdi. Onda ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazananlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça habarlary taýýarlamak babatda žurnalistleriň bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda elektron serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärede ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristina Weýgand çykyş edip, duşuşygyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan we halkara ölçeglere kybap gelýän meýilnamanyň diňe amala aşyrylmagyny seljermäge däl-de, eýsem, ony geljekde üstünlikli amala aşyrmak, öňüni alyş çärelerini netijeli wagyz etmek üçin bar bolan serişdeleri jemlemäge mümkinçilik döredýändigini belledi.

"Nesil".
Beýleki habarlar