Hereket saglykdyr

19 Fewral 2021
896

Her bir ynsan ýaşyna garamazdan hereketde bolmalydyr. Hereketliligiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Onuň hataryna beden maşklary, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, welosiped sürmek, gimnastika, aerobika bilen meşgullanmak ýaly görnüşler girýär. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny berkidýär. Fiziki maşklar bedene diňe bir syrdamlylyk bermek bilen çäklenmän, eýsem, işden, okuw sapaklaryndan soňky ýadawlygy aýryp, saglygy berkidýär, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Şeýle-de bedeniň çeýeligini, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanyşygyny sazlaýar.

Kesellerden goranmagy daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, iki metr howpsuz aralygy saklamak bilen utgaşdyryň! Eger-de nähoşlugyň ilkinji alamatlaryny duýsaňyz, hökman, maşgala lukmanyna ýüz tutuň!

Beýleki habarlar