"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Saglygyň gadyryn bilgil...

Ke­sel­ler­den go­ran­ma­gy da­şa­ry çy­ky­lan­da agyzbu­run ör­tük­le­ri­ni da­kyn­mak, aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek, iki metr howpsuz aralygy saklamak bi­len ut­gaş­dy­ryň! Egerde nä­hoş­lu­gyň il­kin­ji ala­mat­la­ry­ny duý­sa­ňyz, hök­man maş­ga­la luk­ma­ny­na ýüz tu­tuň!

Nowruz tagamy

Milli bahar baýramynda Halkara Nowruz gününde halkymyzyň asyrlarboýy nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däp-dessurlary bar. Olaryň biri-de Nowruz tagamlary bilen bezelen toý saçagydyr. Baýramçylyk mynasybetli giňden ýazylan toý saçagyny ýedi dürli tagam bilen bezemek gadymy döwürden dowam edip gelýän milli dessur hasaplanýar. Baýramçylyk saçagyna äberilýän milli tagamlaryň esasan, däneli ösümliklerden taýýarlanylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi Nowruz baýramynyň halkymyzyň köpasyrlyk ekerançylyk medeniýeti bilen baglydygyny görkezýär. Nowruz saçagynda, adatça, däneli ösümliklerden bişirilýän ýedi tagam hökmany bolmaly hasaplanylýar. Olar semeni, süýtlaş, köje, Nowruz ýarmasy, mäşewe, noýbaly unaş, süýtli bulamak, dänik ýaly datly tagamlardyr. Süýjüli pişme, gatlakly, bala garylan talhan, nogul-nabat, kişmişdir hoz, gawun kaky, kakadylan miweler, halwa körpeje balalaryň baýram şatlygyny joşdurýar. Nowruzyň bellenilýän günleri çarwalaryň ýazlak döwrüne gabat gelýär, ýazlaga çykarylan dowar sürülerinde owlak-guzy almak möwsümi başlanýar. Täze sagym dowar süýdünden gatyk, gaýmak, peýnir, motal, süzme, çekize, gurt, düýe çaly, sargan ýaly tagamy datly, saglyga peýdaly süýt we süýtturşy önümler boldan taýýarlanylypdyr. Nowruzda täze güni ýa

Sarymsak

Sarymsak soganlar maşgalasyna girýän köpýyllyk ösümlikdir. Ol hem gök önüm, hem gök ot hasaplanýar. Sogana meňzeş diýilse-de, sarymsak ondan tagamy, ýapraklarynyň ýasylygy we soganlygynyň diş-diş bolýandygy bilen tapawutlanýar. Sarymsak tebigy antibiotikdir. Ol bedeniň kesele garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar, ganyňy suwuklandyrýar. Sarymsak nahara atylanda, oňa tagam, hoşboý ys berýär. Sarymsak 5000 ýyl mundan öň medenileşdirilipdir. Onuň mekany Orta Aziýa, has takygy, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň häzirki ýerleri hasaplanylýar. «Tebigy derman» hut şu künjeklerden dünýäniň beýleki ýerlerine ýaýrapdyr.

Gök önümleriň saglyga peýdasy

Adamlar hemişe öz iýýän iýmitlerine ünsli garamalydyrlar. Sebäbi ähli iýmit adam üçin peýdaly bolup bilenok, käbir iýmitleriň saglyga zyýanly täsirini ýetirýän halatlary-da bolýar. Şoňa görä, saglygymyzy goramak üçin, peýdaly önümleri ulanmalydyrys. Çünki peýdaly önümiň düzümindäki witaminler we mikroelementler howply täze döremelere garşy göreşmäge ukyplydyrlar. Mysal üçin, beta-karotin diýen madda howply çişleriň öýjüklerine garşy göreşip bilýär. Bu madda hurmada, erikde, garalyda, pomidorda, käşirde köp saklanýar. A, С, E witaminleriň hem edil şunuň ýaly täsiri bardyr. Bu witaminler şugundyrda, ysmanakda, deňiz suwotularynda köp mukdarda saklanýarlar. Gök önümler we miweler witaminlerden, mikroelementlerden başga-da ösümlik süýümlerine (kletçatka) baýdyr. Ösümlik süýümleri zyýanly maddalary we kanserogenleri özüne birleşdirip, bedenden daşyna çykarmaga kömek edýärler. Şeýlelikde, olar içegede çiş keseliniň döremeginiň öňüni alýarlar.

Kömelegiň adam saglygyna peýdasy

Meýdanda bitýän kömelegi tanaman iýlen ýagdaýynda adamyň saglygyna zeper ýetmegi mümkindir. Şonuň üçin azyk önümçilik kärhanalarynda öndürilip we barlaghana synagyndan geçirilip, ak bazarlarymyzda satuwa hödürlenýän kömelegi iýmek maslahat berilýär. Ýer ýüzünde kömelekleriň 250 müňe çenli görnüşleri bardyr. Ähli kömelekler 4 topara bölünýärler. Ýagny, iýilýän, şertli iýilýän, iýilmeýän we zäherli kömelekler.

Öňüni almak — iň netijeli çäre

«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni esasy iş ugruna öwren hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygy baradaky taýsyz tagallalaryna jogap berip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan käbir keseller bilen bagly biraýlyklar yglan edilýär, jemgyýetimizde gaýry üzülmeleriň öňüni almak üçin möhüm ädimler ädilýär. Bu işler öz netijesini hem berýär. Yzygiderli geçirilýän çäreleriň netijesinde berkarar Diýarymyzda ynsan saglygy üçin howply keselleriň ýaýrawy görnetin azalýar. Ministrlik tarapyndan ýaňy-ýakynda geçirilen «Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerine garşy göreş biraýlygynyň» çäklerinde alnyp barlan işler bilen gyzyklanyp, welaýat onkologiýa hassahanasynyň ginekologiýa bölüminiň müdiri Nurjemal Kurbanowa ýüz tutduk. ― Nurjemal Esetowna, ýurdumyzda bu kesele garşy göreş çäreleriniň biraýlyk bilen çäklenmeýändigi düşnükli ýagdaý. Bu babatda alnyp barylýan işler dogrusynda lukmandan eşitmek has täsirli.

Il saglygy ― bagtyýar durmuşyň berk binýady

Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmekde uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz adamy döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary baýlygy hasaplamak bilen, ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramaklyga ägirt uly üns berýär. Ýurdumyzda diňe BSGG tarapyndan güwälendirilen sanjymlar alnyp, häzirki wagtda 14 keseliň, şol sanda inçekeseliň garşysyna öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Her ýylyň 24-nji martynda Inçekesele garşy bütindünýä göreş güni mynasybetli çäreler guralýar.

Süňňüm sagat — ömrüm uzyn

Howanyň häzirki sepgit döwründe sagdyn iýmitlenmek saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly serişdesi bolup durýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, adamyň saglygynyň 60 — 70 göterimi onuň iýmitine we şahsy durmuş düzgünlerine, ýagny özüne bagly bolup durýar. Ýokanç däl keseller, şol sanda semizlik, onuň bilen bagly ýürek-damar, süýjüli diabet, dowamly öýken keselleri we täze döremeler ýa-da witaminleriň, beýleki ýokumly maddalaryň ýetmezçiligi iýmitlenmegiň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly bolýar. Sepgit döwründe kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerini berjaý etmek diýseň zerur bolup durýar. Kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Irdenki maşklary ýerine ýetirmek, ulular bilen bir hatarda, çaganyň hem ukudan oýanmagyna we işdäsiniň açylmagyna, günüň dowamynda şähdaçyk, işjeň bolmagyna getirýär. Eger-de çaga ýörite sport gurnaklaryna gatnamaýan bolsa, her hili oýunlary oýnamak bilen (ýüpde towusmak, halkalarda maşklary ýerine ýetirmek, howluda futbol oýnamak, nahardan soň gezelenç etmek, tigir sürmek we ş.m.), boş wagtyny gyzykly geçirmäge döredilen şertlerden peýdalanmaly.

Saglyk — bahasyz baýlyk

•Gök önümleri we miweleri iýmezden ozal, gyzgyn suw bilen gowy edip ýuwmaly. •Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryş serişdelerini ulanmaly.

Bagtyýarlygyň sakasy

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygyny goramak baradaky wezipäni döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde durmuşa geçirmegi häzirki wagtda ynsan saglygy hakdaky aladalaryň oňyn netijelerini bermegine getirdi. Dünýäniň ösen döwletleriniň lukmançylyk ylmynyň gazananlaryna, öňdebaryjy tejribelere daýanýan milli derman senagatyny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda berk binýatly saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Ulgamyň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglyk öýleriniň yzygider gurulmagy, şonuň ýaly-da raýatlary sagdyn durmuşa ugrukdyrýan ýörelgeleriň berjaý edilmegine uly ähmiýet berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygy hakdaky aladanyň sazlaşykly häsiýetde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Raýatlaryň ömrüni we saglygyny, hukuklaryny, azatlyklaryny goramak wezipeleri ýörite kanunçylyk namalary arkaly berkidilýär. Bu ugurdaky kanunçylyk hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Halkyň saglygy babatda umumydöwlet bähbidinden ugur alnyp, «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsu

Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

Örtügi dogry ulanmagy endik et! ■ Kadalar ýönekeý bolsa-da, örän möhüm!

Lukman maslahat berýär

Agyz-burun örtükleri üsgürilende ýa-da asgyrylanda adamyň tüýküliginiň daşa ýaýramagynyň, howadaky zyýanly tozan bölejikleriniň bedene aralaşmagynyň öňüni alýar we daş-töwerekdäkilere keselleriň ýokuşma howpuny azaldýar. Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Näsagyň köpçülik ýerlerine barmaklygyny çäklendirmeli. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner.

Sagdynlygyň ýurdunda

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanda täze stadionlar, sport merkezleridir mekdepler, saglyk öýleri, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar gurulýar. Paýtagtymyzda, welaýat we etrap merkezlerinde gurulýan döwrebap sport binalary sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň höwes bilen gelýän ýerine öwrüldi. Bu ýerlerde sport bilen meşgullanmak, saglygyňy berkitmek, ýokary sport görkezijilerini gazanmak üçin ähli şertler döredilendir. Bu desgalarda dürli sport gurnaklary işleýär, tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda netijeli sport türgenleşikleri yzygiderli geçirilýär. Umumy beden taýýarlygyny berkitmegi maksat edinýän ildeşlerimiz iň täze nusgadaky türgenleşdirijiler oturdylan türgenleşik zallaryny peýdalanyp bilýärler. Hemmetaraplaýyn türgenleşmäge niýetlenen türgenleşdirijiler bedeniňi berkitmäge, onuň çeýeligini artdyrmaga, beden hem ruhy sagdynlygyňy goramaga ýardam edýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Welaýatymyzyň köpugurly hassahanasynyň lukmanlary we şepagat uýalary ýüz tutup gelýän näsaglara degerli maslahatlary berip, bejergi işlerini geçirýärler. Hassahananyň döwük-ýenjikli näsaglary kabul edýän bölüminiň lukmany Öwezgylyç Berkeliýew bu ýerde birnäçe ýyldan bäri zähmet çekip gelýär. Ol ýüz tutup gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşy alyp, olaryň alkyşlaryna mynasyp bolýar. SURATDA: yhlasly lukman Öwezgylyç Berkeliýew iş pursatynda.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk — baş baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Lukmanyň maslahaty

Saglygymyzy gorap saklamagyň esasy ugry sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekdir. Ynsan ruhubelent bolup, sagdyn durmuş ýörelgesiniň binýadynda goýlan esasy kadalary berjaý eden ýagdaýynda, jany sag bolar, ömri uzar. Bu kadalar şulardan ybaratdyr: — ir turup, beden maşklaryny ýerine ýetirmeli;

Agaçlar we ynsan saglygy

Baglar saglygyň çeşmesidir. Gür tokaýlyk, baglyk ýerlerde ýaşamak, miweli baglaryň hasylyndan şypa tapmak, agaç nahallaryny ekmek, ýagny tebigatyň goýnunda fiziki zähmet çekmek saglygyň girewidir. Bag-bakjaly ilatly ýerler — janly, arassa, joşgunly ýerler. Şonuň üçin hem bagy-bossanlyga bürenen ýerleri «sagdyn ýaşaýyş zolaklary» hasaplamak bolar. Ýaşyl gurşaw adamyň ruhy dünýäsine oňyn täsir edýär. «Ýaşyl» şäherleriň ýaşaýjylary aňsat kesellemeýärler.

Saglyk ynsanyň iň uly baýlygydyr

Bu baýlygy aýap saklamak üçin käbir düzgünleri berjaý etmek gerekdir ■ Hereketde boluň, yzygiderli sport bilen meşgullanyň.

Saglyk — baş baýlyk