Saglyk — baş baýlyk

20 Mart 2021
1452

Adamyň saglygy we uzak ýaşamaklygy sagdyn, kadaly iýmitlenmegine we işjeň hereketine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek babatda ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak boýunça işleri ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn iýmitlenmegiň medeniýetini has kämil derejä ýetirmek maksady bilen «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy bu ugurdaky işleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny şertlendirdi. Maksatnamanyň esasy wezipesi sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalaryny we ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakdan, ilatyň saglygyny ýokarlandyrmakdan, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, iýmit bilen bagly keselleriň öňüni almakdan ybarat bolup durýar.

Köp keselleriň, esasan, ýokanç däl keselleriň başlangyjy nädogry iýmitlenmekligiň we gipodinamiýanyň (az hereketliligiň) netijesinde ýüze çykýar. Ýokanç däl keselleriň hataryna ýürek-damar, onkologiýa we öýken keselleri hem-de süýjüli diabet girýär. Bu keselleriň howply alamatlary adamlaryň durmuşy, ýaşaýşy bilen utgaşykly, ýagny semizlik, nädogry iýmitlenme, gipodinamiýa (az hereketlilik), ýaramaz endikler bolup durýar. Dogry iýmitlenmek onuň diňe ýokumlylygyna bagly bolman, eýsem, günde nahary belli birwagtda iýilmegine hem baglydyr. Ýagny günde wagtly-wagtynda iýmitlenmegi başarsaň, onda aşgazan şol birwagtda iýmit siňdiriş şirelerini bölüp çykarýar we adatdaky iýmit siňdirişi doly üpjün edýär. Her bir adamyň bedeniniň iýmite, beloga, ýaga, uglewoda we witamine bolan talaby birmeňzeş däldir. Bu, esasan, adamyň ýaşyna, ýaşaýan ýerine, işleýän işine baglydyr. Iýilýän iýmit adamyň ýaşyna we edýän işine laýyk gelmelidir. Adamlaryň ýerine ýetirýän işi, akyl zähmeti, agyr fiziki zähmet, ortaça agyrlykdaky zähmet ýaly görnüşlere bölünýär.

Abadan BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar