Nowruz tagamy

23 Mart 2021
1089

Milli bahar baýramynda Halkara Nowruz gününde halkymyzyň asyrlarboýy nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däp-dessurlary bar. Olaryň biri-de Nowruz tagamlary bilen bezelen toý saçagydyr. Baýramçylyk mynasybetli giňden ýazylan toý saçagyny ýedi dürli tagam bilen bezemek gadymy döwürden dowam edip gelýän milli dessur hasaplanýar. Baýramçylyk saçagyna äberilýän milli tagamlaryň esasan, däneli ösümliklerden taýýarlanylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi Nowruz baýramynyň halkymyzyň köpasyrlyk ekerançylyk medeniýeti bilen baglydygyny görkezýär.

Nowruz saçagynda, adatça, däneli ösümliklerden bişirilýän ýedi tagam hökmany bolmaly hasaplanylýar. Olar semeni, süýtlaş, köje, Nowruz ýarmasy, mäşewe, noýbaly unaş, süýtli bulamak, dänik ýaly datly tagamlardyr. Süýjüli pişme, gatlakly, bala garylan talhan, nogul-nabat, kişmişdir hoz, gawun kaky, kakadylan miweler, halwa körpeje balalaryň baýram şatlygyny joşdurýar. Nowruzyň bellenilýän günleri çarwalaryň ýazlak döwrüne gabat gelýär, ýazlaga çykarylan dowar sürülerinde owlak-guzy almak möwsümi başlanýar. Täze sagym dowar süýdünden gatyk, gaýmak, peýnir, motal, süzme, çekize, gurt, düýe çaly, sargan ýaly tagamy datly, saglyga peýdaly süýt we süýtturşy önümler boldan taýýarlanylypdyr. Nowruzda täze güni ýagşy niýet edip, ak süýt içmekden başlamak däbe öwrülip galypdyr.

Gülfiýa PARDAÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar