Sagdynlygyň ýurdunda

22 Mart 2021
890

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanda täze stadionlar, sport merkezleridir mekdepler, saglyk öýleri, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar gurulýar. Paýtagtymyzda, welaýat we etrap merkezlerinde gurulýan döwrebap sport binalary sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň höwes bilen gelýän ýerine öwrüldi. Bu ýerlerde sport bilen meşgullanmak, saglygyňy berkitmek, ýokary sport görkezijilerini gazanmak üçin ähli şertler döredilendir. Bu desgalarda dürli sport gurnaklary işleýär, tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda netijeli sport türgenleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Umumy beden taýýarlygyny berkitmegi maksat edinýän ildeşlerimiz iň täze nusgadaky türgenleşdirijiler oturdylan türgenleşik zallaryny peýdalanyp bilýärler. Hemmetaraplaýyn türgenleşmäge niýetlenen türgenleşdirijiler bedeniňi berkitmäge, onuň çeýeligini artdyrmaga, beden hem ruhy sagdynlygyňy goramaga ýardam edýär.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 16-njy Saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.
Beýleki habarlar