Agaçlar we ynsan saglygy

21 Mart 2021
1031

Baglar saglygyň çeşmesidir. Gür tokaýlyk, baglyk ýerlerde ýaşamak, miweli baglaryň hasylyndan şypa tapmak, agaç nahallaryny ekmek, ýagny tebigatyň goýnunda fiziki zähmet çekmek saglygyň girewidir.

Bag-bakjaly ilatly ýerler — janly, arassa, joşgunly ýerler. Şonuň üçin hem bagy-bossanlyga bürenen ýerleri «sagdyn ýaşaýyş zolaklary» hasaplamak bolar. Ýaşyl gurşaw adamyň ruhy dünýäsine oňyn täsir edýär. «Ýaşyl» şäherleriň ýaşaýjylary aňsat kesellemeýärler.

Haltäç ATABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ekologiýa we daşky gurşawy goramak kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar