Öňüni almak — iň netijeli çäre

23 Mart 2021
834

«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni esasy iş ugruna öwren hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygy baradaky taýsyz tagallalaryna jogap berip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan käbir keseller bilen bagly biraýlyklar yglan edilýär, jemgyýetimizde gaýry üzülmeleriň öňüni almak üçin möhüm ädimler ädilýär. Bu işler öz netijesini hem berýär. Yzygiderli geçirilýän çäreleriň netijesinde berkarar Diýarymyzda ynsan saglygy üçin howply keselleriň ýaýrawy görnetin azalýar. Ministrlik tarapyndan ýaňy-ýakynda geçirilen «Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerine garşy göreş biraýlygynyň» çäklerinde alnyp barlan işler bilen gyzyklanyp, welaýat onkologiýa hassahanasynyň ginekologiýa bölüminiň müdiri Nurjemal Kurbanowa ýüz tutduk.

― Nurjemal Esetowna, ýurdumyzda bu kesele garşy göreş çäreleriniň biraýlyk bilen çäklenmeýändigi düşnükli ýagdaý. Bu babatda alnyp barylýan işler dogrusynda lukmandan eşitmek has täsirli.

Beýleki habarlar