Sarymsak

23 Mart 2021
1096

Sarymsak soganlar maşgalasyna girýän köpýyllyk ösümlikdir. Ol hem gök önüm, hem gök ot hasaplanýar. Sogana meňzeş diýilse-de, sarymsak ondan tagamy, ýapraklarynyň ýasylygy we soganlygynyň diş-diş bolýandygy bilen tapawutlanýar. Sarymsak tebigy antibiotikdir. Ol bedeniň kesele garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar, ganyňy suwuklandyrýar. Sarymsak nahara atylanda, oňa tagam, hoşboý ys berýär.

Sarymsak 5000 ýyl mundan öň medenileşdirilipdir. Onuň mekany Orta Aziýa, has takygy, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň häzirki ýerleri hasaplanylýar. «Tebigy derman» hut şu künjeklerden dünýäniň beýleki ýerlerine ýaýrapdyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanYslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar