Gök önümleriň saglyga peýdasy

23 Mart 2021
1185

Adamlar hemişe öz iýýän iýmitlerine ünsli garamalydyrlar. Sebäbi ähli iýmit adam üçin peýdaly bolup bilenok, käbir iýmitleriň saglyga zyýanly täsirini ýetirýän halatlary-da bolýar. Şoňa görä, saglygymyzy goramak üçin, peýdaly önümleri ulanmalydyrys. Çünki peýdaly önümiň düzümindäki witaminler we mikroelementler howply täze döremelere garşy göreşmäge ukyplydyrlar. Mysal üçin, beta-karotin diýen madda howply çişleriň öýjüklerine garşy göreşip bilýär. Bu madda hurmada, erikde, garalyda, pomidorda, käşirde köp saklanýar. A, С, E witaminleriň hem edil şunuň ýaly täsiri bardyr. Bu witaminler şugundyrda, ysmanakda, deňiz suwotularynda köp mukdarda saklanýarlar.

Gök önümler we miweler witaminlerden, mikroelementlerden başga-da ösümlik süýümlerine (kletçatka) baýdyr. Ösümlik süýümleri zyýanly maddalary we kanserogenleri özüne birleşdirip, bedenden daşyna çykarmaga kömek edýärler. Şeýlelikde, olar içegede çiş keseliniň döremeginiň öňüni alýarlar.

Näzik ALLANYÝAZOWA,
Aşgabat şäher 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar