Süňňüm sagat — ömrüm uzyn

23 Mart 2021
881

Howanyň häzirki sepgit döwründe sagdyn iýmitlenmek saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly serişdesi bolup durýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, adamyň saglygynyň 60 — 70 göterimi onuň iýmitine we şahsy durmuş düzgünlerine, ýagny özüne bagly bolup durýar. Ýokanç däl keseller, şol sanda semizlik, onuň bilen bagly ýürek-damar, süýjüli diabet, dowamly öýken keselleri we täze döremeler ýa-da witaminleriň, beýleki ýokumly maddalaryň ýetmezçiligi iýmitlenmegiň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly bolýar. Sepgit döwründe kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerini berjaý etmek diýseň zerur bolup durýar.

Kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Irdenki maşklary ýerine ýetirmek, ulular bilen bir hatarda, çaganyň hem ukudan oýanmagyna we işdäsiniň açylmagyna, günüň dowamynda şähdaçyk, işjeň bolmagyna getirýär. Eger-de çaga ýörite sport gurnaklaryna gatnamaýan bolsa, her hili oýunlary oýnamak bilen (ýüpde towusmak, halkalarda maşklary ýerine ýetirmek, howluda futbol oýnamak, nahardan soň gezelenç etmek, tigir sürmek we ş.m.), boş wagtyny gyzykly geçirmäge döredilen şertlerden peýdalanmaly.

Guwanç SAPAROW,
Aşgabat şäher hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar