"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Arassa suwuň peýdasy

Suw ähli janly-jandarlaryň, ösümlik dünýäsiniň ýaşamagy üçin iň esasy çeşme bolup durýar. Adam bedeniniň köp bölegi suwdan ybarat bolup, ol gan arkaly beden öýjüklerini ýokumly maddalar bilen üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem günüň dowamynda 2 — 2,5 litr suw içmek adamyň sagdyn bolmagy üçin örän peýdalydyr. Adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagy üçin suwy ýeterlik mukdarda içmeli. Içilýän suwuň arassa bolmagy saglygymyz üçin örän wajypdyr. Gaýnag suw bedende döräp biläýjek ençeme kesellerden goranmaga ýardam edýär. Çünki gaýnap sowan suw, ilkinji nobatda, arassa hem-de howpsuz hasaplanýar. Suw gaýnadylanda, onuň düzümindäki bakteriýalar, zyýanly duzlar hem-de hlor birikmeleri ýok bolýar. Gaýnag suw içegeleri ýiti içege ýokançlaryndan goramakda, böwrekde daşyň emele gelmeginiň öňüni almakda, bedenden zyýanly toksinleriň, holesteriniň bölünip çykmagynda, adam bedeniniň kesele garşy göreş ukybynyň artmagynda, madda çalşygynyň kadalaşmagynda örän peýdalydyr. Sowuk suw bedende kyn özleşýär. Şol sebäpli-de, suwy ýyly görnüşde içmeli, çünki ýyly suw örän siňňitli bolýar. Şeýle-de:

Sagdyn durmuş bagtly ýaşaýşyň gözbaşydyr

1. Sagdyn iýmitlenmek üçin witamine baý bolan önümleri iýmeli. 2. Azyk önümleri, gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler arassa bolmaly.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Künjiniň peýdasy

Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde künji aralyk ekin hökmünde ekilýär. Ol tiz ýetişýän, ýagtylygy we ýylylygy halaýan ekindir. Onuň ösüş döwri 90 — 120 gündür. Sowuga çydamsyz ekin bolandygy üçin künji hasyly sowuk düşmänkä ýygnalyp alynýar. Künjiniň hasyllylygy her gektardan 800 — 1200 kilograma golaý bolýar. Künji ekinini ýer eýeleri, esasan, bugdaý, bakja ekinlerinden soň ekýärler. Künji dünýäniň köp ýurtlarynda halk lukmançylygynda: adam bedeninde sowuklama zerarly döreýän sökellikleriň öňüni almakda, agyryny aýyrmakda, immun ulgamyny kuwwatlandyrmakda we beýleki zerurlyklarda giňden ulanylypdyr. Künji ýagy akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlar üçin hem peýdalydyr. Gündelik iýleninde, ol nerw ulgamynyň kadalaşmagyna, beýniniň işiniň gowulaşmagyna ýardam edýär.

Lukman maslahat berýär

■ Ulanylan örtügi çalyşanyňyzdan soň eliňizi gowy edip ýuwuň! ■ Mikroorganizmleri ýok etmek maksady bilen tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!

Lukmanyň maslahatlary

Kadaly iýmitleniň, sagdyn boluň!

Arassaçylyk, sport-bedenterbiýe bilen birlikde kadaly iýmitlenmek saglygy berkitmegiň esasy şertidir. Dogry iýmitlenmek diňe bir azyk önümlerini ýerlikli we zerur mukdarda kabul etmegi aňlatmaýar. Sebäbi ulanyljak iýmiti dogry saýlamagyň, saklamagyň, taýýarlamagyň, kabul etmegiň hem öz düzgünleri bar. Ilkinji nobatda, gündelik ulanylýan iýmitiň düzüminde ýaşaýyş üçin zerur maddalaryň ýeterlik mukdarda bolmagyny, olaryň bedendäki deňeçerligini üpjün etmek hökmandyr. Meselem, iýmitiň düzüminiň 60 göterimi uglewodlardan, 25 göterimi ýaglardan, 15 göterimi beloklardan ybarat bolmalydyr. Kletçatkalara, minerallara, ýokumlara baý azyk önümleriniň peýdalanylmagy hem örän möhümdir.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen saglyk ulgamyny ösdürmekde düýpli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap hassahanalardyr saglyk merkezleri we saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Saglyk öýleri häzirki talabalaýyk enjamlar bilen üpjün edilýär. Şol enjamlar arkaly hem ilatyň saglygy goralýar.

Ysmanak barada nämeleri bilmeli?!

Ysmanak gadym döwürden bäri dünýäniň ähli künjeginde iýmit hökmünde ulanylyp gelýän, witaminlere, mikroelementlere, şeýle-de gan damarlarynyň gatamaklygynyň öňüni almakda uly ähmiýeti bolan omega-3 ýagyna baý ösümlikdir. Ysmanak dürli keselleriň öňüni almakda we bejermekde ir döwürden bäri peýdalanylyp gelnipdir. Onuň ganazlygy bejermekde, gan basyşyny, ýürek urşuny kadalaşdyrmakda, beýni öýjükleriniň zeperlenmeginiň öňüni almakda, ýatkeşligi gowulandyrmakda, çalt pikirlenmekde, içgatama ýaly ýagdaýlarda peýdasy uludyr. Ysmanak bedeniň alyş-çalyş hadysalaryny gowulandyryp, bedendäki zäherleýji maddalaryň çykmagyna, şeýle-de, öthaltada ýygnanan ödüň bölünip çykmagyna uly ýardamçydyr. Ysmanakdan dürli tagamlar taýýarlananda, şu maslahatlar berjaý edilse, saglygyňyza zyýan gelmez:

Kesellerden goranmak üçin

Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak üçin lukmanlar aşakdaky düzgünleri berjaý etmegi maslahat berýärler: — Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek zerur.

Baş baýlygyň goragy

Buýanyň peýdasy

Häzirki zaman lukmançylygynda dermanlyk ösümlikler keselleri bejermekde uly ähmiýete eýe bolup, alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Şeýle ösümlikleriň biri hem buýandyr. Buýan halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Onuň düzüminde steroidler bolup, kortikosteroid sintetiki usulda alynýar. Ol aşgazan, bagyr, öýken kesellerini bejermekde giňden ulanylýar. Şeýle-de antibakterial, antiseptik häsiýetleri bolan buýany öýken kesellerini, sowuklamany bejermekde, gakylyk çykaryjy, immuniteti beýgeldiji hökmünde allergiki ýagdaýlarda ulanmak maslahat berilýär. Mundan başga-da, buýan kökünden efir ýagy alynýar. Ondan dürli melhemler ýasalyp, dürli ýaralary bejermek üçin ulanylýar. Buýanyň düzümi we ulanylyş häsiýetleri ýerli alymlar tarapyndan ylmy taýdan giňden öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitabynda buýanyň saglygy berkitmekdäki ähmiýeti giňişleýin beýan edilýär.

Otlar hany — reýhan

Bahar paslynda ajaýyp tebigat gözellige beslenýär. Tebigat göýä bahar paslynyň üsti bilen adamzada sowgat edýän ýaly, bir-birinden owadan güller, otlar bilen zemini bezäp çykýar. Şol otlaryň köpüsiniň ynsan saglygy üçin peýdalydygy bolsa tebigatyň ol täsin sowgatlarynyň gymmatlylygyny has-da artdyrýar. Tebigatyň özi ýaly owadan, hoşboý ysly otlaryň biri-de reýhandyr. Reýhanyň 5 müň ýyl gowrak wagt bäri Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde aşhanada we dermanlyk maksatlarda ulanylyp gelinýändigi barada maglumatlar bar. Käbir Aziýa ýurtlarynyň halklary reýhany hoşboý ysly otlaryň hany hasaplapdyrlar. Gresiýada we Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşýän ýurtlarda, Gadymy Rimde reýhany islendik maksatda ulanmagyň üstünlik, şowlulyk getirýändigine ynanypdyrlar. Hindistanda bolsa ol keramatly ot saýylypdyr.

Wagyz-nesihat edildi

Bäherden etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda etrapdaky dokma fabriginde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmek maksady bilen maslahat geçirildi. Oňa ady agzalan fabrigiň zähmetkeşleri gatnaşdy. Maslahatda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdi. Çykyş edenler häzirki wagtda howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan beriji tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli lukmançylyk-sanitariýa düzgünlerini, berjaý etmek, agyz-burun örtüklerini dakynmak, howpsuz aralygy saklamak, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek barada durup geçdiler.

Suw we saglyk

Her bir zada juda parasatly garaýan türkmen halkymyzyň jan saglyga goýýan gadyr-gymmaty, bedeni sagdyn saklamakdaky aladalary hem parasatlylykdan we ynamdan gözbaş alypdyr. Muny ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň saglygyny berkitmek üçin ulanan emleri-de, «Içen suwuň em bolsun!» diýip, olara bolan ynançlary-da tassyklaýar. Aslynda türkmen halky suwa keramat hökmünde garapdyr. Şonuň üçin-de onuň saglygy berkitmekdäki täsir edijiligine hem ynanypdyrlar. Ynha, biziň Arçman şypahanamyzda hem ýerden çogup çykýan keramatly suw bilen käbir döräp biljek keselleriň öňi alynýar. Şu günler arassa suwuň adam bedenine edýän peýdalary dogrusynda yzygiderli söhbetleriň edilýändigi üçin suw bilen baglanyşykly emleriň birnäçesini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Gaýnadylyp sowadylan suwa saç ýuwulsa, ýumşak bolýar.

Ýylyň ähli paslynda sagdyn boluň!

Pasyllaryň çalşyp, howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremek mümkinçiligi artýar. Olardan goranmak üçin kesele garşy durnuklylygyň ýokary bolmagyny üpjün etmek zerur. Ýylyň her bir paslynda biz öz saglygymyza paýhasly çemeleşmelidiris, ýagny: — bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli;

Sagdyn durmuş — hemişelik ýörelge

Etrek etrabyndaky 8-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň etrap şahamçasynyň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde guramaklarynda mugallymlaryň, terbiýeçileriň, ýokary synp mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn bedenli, arassa ahlakly, ylym-bilimli, zähmetsöýer, belent adamkärçilikli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän aladalar barada aýdyldy. Ýaşlara ynsan saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän zyýanly endiklerden daşda durmaklyk ündeldi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň ähmiýetiniň uludygy nygtalyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýaş nesliň nurly geljegi barada taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.  

Haýry kändir çenini bilseň

Güneşe baý türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň we ot-çöpleriň aglabasy bejerijilik ähmiýete eýedir. Bular dogrusynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde giňişleýin beýan edilýär. Kitapda bereketli topragymyzda ösýän ot-çöpleriň haýsy derde melhemdigi, olardan peýdalanmagyň usullary barada hem köp maglumat berilýär. Şonuň üçin hem bu eser her bir okyjynyň ýankitabyna öwrüldi. Gök we bakja ekinleriniň melhemlik häsiýetiniň bardygy dogrusynda ylmy lukmançylykda gymmatly maglumatlara duş gelýäris. Geliň, şu makalamyzda olaryň käbiriniň bejerijilik ähmiýeti hakynda söhbet edeliň!

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Ýiti respirator kesellerinden goranmak

Ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin hemişe arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, pasla görä geýinmek, agyz-burun örtüklerini dakynmak, howpsuz 2 metr araçägi saklamak we kadaly iýmitlenmek zerurdyr. Öýleriň we iş otaglarynyň howasy wagtly-wagtynda ýelejiredilip durulmalydyr. Iş otaglarynyň howasyny iş wagty başlanmazdan öň çalyşmak, öýüň howasy çalşylanda, biraz wagt daşaryk çykmak ýa-da başga otaga geçmek ýerlikli bolar.