Künjiniň peýdasy

2 Aprel 2021
1278

Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde künji aralyk ekin hökmünde ekilýär. Ol tiz ýetişýän, ýagtylygy we ýylylygy halaýan ekindir. Onuň ösüş döwri 90 — 120 gündür. Sowuga çydamsyz ekin bolandygy üçin künji hasyly sowuk düşmänkä ýygnalyp alynýar. Künjiniň hasyllylygy her gektardan 800 — 1200 kilograma golaý bolýar. Künji ekinini ýer eýeleri, esasan, bugdaý, bakja ekinlerinden soň ekýärler.

Künji dünýäniň köp ýurtlarynda halk lukmançylygynda: adam bedeninde sowuklama zerarly döreýän sökellikleriň öňüni almakda, agyryny aýyrmakda, immun ulgamyny kuwwatlandyrmakda we beýleki zerurlyklarda giňden ulanylypdyr. Künji ýagy akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlar üçin hem peýdalydyr. Gündelik iýleninde, ol nerw ulgamynyň kadalaşmagyna, beýniniň işiniň gowulaşmagyna ýardam edýär.

Ogulbaý ATJANOWA,
TKA-nyň Görogly etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar