Sagdyn durmuş — hemişelik ýörelge

31 Mart 2021
1029

Etrek etrabyndaky 8-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň etrap şahamçasynyň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde guramaklarynda mugallymlaryň, terbiýeçileriň, ýokary synp mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn bedenli, arassa ahlakly, ylym-bilimli, zähmetsöýer, belent adamkärçilikli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän aladalar barada aýdyldy. Ýaşlara ynsan saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän zyýanly endiklerden daşda durmaklyk ündeldi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň ähmiýetiniň uludygy nygtalyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýaş nesliň nurly geljegi barada taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.  

Polat BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Etrek etrap şahamçasynyň wekili.
Beýleki habarlar