Kadaly iýmitleniň, sagdyn boluň!

2 Aprel 2021
1319

Arassaçylyk, sport-bedenterbiýe bilen birlikde kadaly iýmitlenmek saglygy berkitmegiň esasy şertidir. Dogry iýmitlenmek diňe bir azyk önümlerini ýerlikli we zerur mukdarda kabul etmegi aňlatmaýar. Sebäbi ulanyljak iýmiti dogry saýlamagyň, saklamagyň, taýýarlamagyň, kabul etmegiň hem öz düzgünleri bar. Ilkinji nobatda, gündelik ulanylýan iýmitiň düzüminde ýaşaýyş üçin zerur maddalaryň ýeterlik mukdarda bolmagyny, olaryň bedendäki deňeçerligini üpjün etmek hökmandyr.

Meselem, iýmitiň düzüminiň 60 göterimi uglewodlardan, 25 göterimi ýaglardan, 15 göterimi beloklardan ybarat bolmalydyr. Kletçatkalara, minerallara, ýokumlara baý azyk önümleriniň peýdalanylmagy hem örän möhümdir.

Hanipa NURULLAÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar