Suw we saglyk

1 Aprel 2021
1097

Her bir zada juda parasatly garaýan türkmen halkymyzyň jan saglyga goýýan gadyr-gymmaty, bedeni sagdyn saklamakdaky aladalary hem parasatlylykdan we ynamdan gözbaş alypdyr. Muny ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň saglygyny berkitmek üçin ulanan emleri-de, «Içen suwuň em bolsun!» diýip, olara bolan ynançlary-da tassyklaýar. Aslynda türkmen halky suwa keramat hökmünde garapdyr. Şonuň üçin-de onuň saglygy berkitmekdäki täsir edijiligine hem ynanypdyrlar. Ynha, biziň Arçman şypahanamyzda hem ýerden çogup çykýan keramatly suw bilen käbir döräp biljek keselleriň öňi alynýar. Şu günler arassa suwuň adam bedenine edýän peýdalary dogrusynda yzygiderli söhbetleriň edilýändigi üçin suw bilen baglanyşykly emleriň birnäçesini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Gaýnadylyp sowadylan suwa saç ýuwulsa, ýumşak bolýar.

Mährijemal HUDAÝBERDIÝEWA,
Arçman şypahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar