Otlar hany — reýhan

1 Aprel 2021
1101

Bahar paslynda ajaýyp tebigat gözellige beslenýär. Tebigat göýä bahar paslynyň üsti bilen adamzada sowgat edýän ýaly, bir-birinden owadan güller, otlar bilen zemini bezäp çykýar. Şol otlaryň köpüsiniň ynsan saglygy üçin peýdalydygy bolsa tebigatyň ol täsin sowgatlarynyň gymmatlylygyny has-da artdyrýar. Tebigatyň özi ýaly owadan, hoşboý ysly otlaryň biri-de reýhandyr.

Reýhanyň 5 müň ýyl gowrak wagt bäri Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde aşhanada we dermanlyk maksatlarda ulanylyp gelinýändigi barada maglumatlar bar. Käbir Aziýa ýurtlarynyň halklary reýhany hoşboý ysly otlaryň hany hasaplapdyrlar. Gresiýada we Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşýän ýurtlarda, Gadymy Rimde reýhany islendik maksatda ulanmagyň üstünlik, şowlulyk getirýändigine ynanypdyrlar. Hindistanda bolsa ol keramatly ot saýylypdyr.

Taýýarlan Maýa BAÝRAMLYÝEWA,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar