Buýanyň peýdasy

1 Aprel 2021
1460

Häzirki zaman lukmançylygynda dermanlyk ösümlikler keselleri bejermekde uly ähmiýete eýe bolup, alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Şeýle ösümlikleriň biri hem buýandyr. Buýan halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Onuň düzüminde steroidler bolup, kortikosteroid sintetiki usulda alynýar. Ol aşgazan, bagyr, öýken kesellerini bejermekde giňden ulanylýar. Şeýle-de antibakterial, antiseptik häsiýetleri bolan buýany öýken kesellerini, sowuklamany bejermekde, gakylyk çykaryjy, immuniteti beýgeldiji hökmünde allergiki ýagdaýlarda ulanmak maslahat berilýär.

Mundan başga-da, buýan kökünden efir ýagy alynýar. Ondan dürli melhemler ýasalyp, dürli ýaralary bejermek üçin ulanylýar. Buýanyň düzümi we ulanylyş häsiýetleri ýerli alymlar tarapyndan ylmy taýdan giňden öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitabynda buýanyň saglygy berkitmekdäki ähmiýeti giňişleýin beýan edilýär.

Nowy NOWYÝEW,
Aşgabat şäher hassahanasynyň barlaghana bölüminiň lukmany.
Beýleki habarlar