Arassa suwuň peýdasy

3 Aprel 2021
1226

Suw ähli janly-jandarlaryň, ösümlik dünýäsiniň ýaşamagy üçin iň esasy çeşme bolup durýar. Adam bedeniniň köp bölegi suwdan ybarat bolup, ol gan arkaly beden öýjüklerini ýokumly maddalar bilen üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem günüň dowamynda 2 — 2,5 litr suw içmek adamyň sagdyn bolmagy üçin örän peýdalydyr. Adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagy üçin suwy ýeterlik mukdarda içmeli. Içilýän suwuň arassa bolmagy saglygymyz üçin örän wajypdyr.

Gaýnag suw bedende döräp biläýjek ençeme kesellerden goranmaga ýardam edýär. Çünki gaýnap sowan suw, ilkinji nobatda, arassa hem-de howpsuz hasaplanýar. Suw gaýnadylanda, onuň düzümindäki bakteriýalar, zyýanly duzlar hem-de hlor birikmeleri ýok bolýar. Gaýnag suw içegeleri ýiti içege ýokançlaryndan goramakda, böwrekde daşyň emele gelmeginiň öňüni almakda, bedenden zyýanly toksinleriň, holesteriniň bölünip çykmagynda, adam bedeniniň kesele garşy göreş ukybynyň artmagynda, madda çalşygynyň kadalaşmagynda örän peýdalydyr. Sowuk suw bedende kyn özleşýär. Şol sebäpli-de, suwy ýyly görnüşde içmeli, çünki ýyly suw örän siňňitli bolýar. Şeýle-de:

Sona ILMUHAMMEDOWA.
Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýi.
Beýleki habarlar