Wagyz-nesihat edildi

1 Aprel 2021
864

Bäherden etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda etrapdaky dokma fabriginde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmek maksady bilen maslahat geçirildi. Oňa ady agzalan fabrigiň zähmetkeşleri gatnaşdy.

Maslahatda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdi. Çykyş edenler häzirki wagtda howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan beriji tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli lukmançylyk-sanitariýa düzgünlerini, berjaý etmek, agyz-burun örtüklerini dakynmak, howpsuz aralygy saklamak, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek barada durup geçdiler.

Ogulbibi KÄNÄÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar