"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Bosagada — tomus

Awazada dynç almagyň düzgünlerini berjaý ediň! «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildiren raýatlar syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan ýollamanamalary almalydyrlar.

Möhüm işiň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlarymyzyň saglygyny ýokanç kesellerden goramak, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen derwaýys işler amala aşyrylýar. Arkadag Prezidentimiziň “Ynsan saglygyny we ömrüni goramak biziň baş maksadymyzdyr” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri hem jemgyýetçilik guramalary, lukmanlar bilen bilelikde raýatlaryň arasynda bolup, keselleriň öňüni almak barada zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Hut şol maksat bilen etrabymyzyň ähli ýerinde arassaçylyk düzgünleri dogry hem berk berjaý edilýär. Bu günki gün halkymyzyň saglygyny goramak bilen dünýäde dörän ýiti respirator ýokanç keseliniň ynsan ömrüne howp salýandygy barada düşündirýäris. Lukmanlaryň gatnaşmaklarynda ýaşlarymyza ynsan saglygy, sport bilen meşgullanmak, kadaly iýmitlenmegiň, zähmetdir dynç alşyň tertibini saklamak bilen baglanyşykly arassaçylyk, şahsy gigiýena barada maslahat berýäris. Bu derwaýys işler, etrabymyzyň 1,2,3,7-nji orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary bilen geçirildi. Çünki, her bir adamyň kadaly iýmitlenmeginiň onuň saglygyny doly we dogry üpjün etmekde täsiri uludyr. Ş

Ýatdan çykmajak günleriň bosagasynda

Keremli topragymyzda jana şypaly mekanlar, müň bir derde derman şypahanalar we gözel tebigatly ýerler barmak büküp sanardan kän. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ildeşlerimiziň uly höwes bilen dynç alyp, saglyklaryny dikeldýän ýerleriniň naýbaşysydyr. Gojaman Hazaryň merjen kenarynda sanlyja ýylyň dowamynda döredilen jenneti mekan bagtyýar zamanamyzyň bagtly raýatlarynyň we ýurdumyza ýakyn-u-alys illerden myhman bolup gelýänleriň dynç alyş möwsümini ýatdan çykmajak pursatlara öwürýär. Ildeşlerimiziň bagtyýar zamananyň hözirini görüp, döredijilikli zähmet çekmegi we medeniýetli dynç almagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz 14-nji maýda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisini geçirip, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly degişli ýolbaşçylaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Bizem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak we işlemek isleýänlere bildirilýän talaplar hem-de tomusky dynç alyş möwsümini bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, alnyp baryljak çäreler baradaky magluma

Sagdyn durmuş ýörelgeleri

Saglyk tebigat bilen ýaşaýşyň sazlaşygynyň netijesi, ynsan ömrüniň bezegi, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Maşgala abadançylygy, jemgyýetiň sagdynlygy, döwletiň kuwwatlanmagy, gülläp ösmegi, halkyň, aýratyn hem, ýaş nesliň saglygyna baglydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi adamyň bedeniniň ösüşini gowulandyrýar, kesellerden goranmak ukybyny güýçlendirýär, ömrüni uzaldýar. Ýaş nesliň bilimli, ylymly bolmagy, beden hem-de ruhy taýdan sagdynlygy, ahlaklylygy, ynsanperwerligi, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi — bular döwletiň bagtyýarlygy we ýagty geljegi. Ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, öz maşgalasyna, ýaşaýan jemgyýetine, Watanyna wepaly, il-güni, ýurdy üçin peýdaly işlere ukyply, durmuşyň gözelliklerinden lezzet almagy, sagdyn durmuş endiklerine eýe bolmagy başarýan şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek her bir maşgalanyň mukaddes borjudyr. Hormatly Prezidentimiziň beden saglygyny berkitmekde görkezýän şahsy göreldesi ýaş nesil üçin hem ruhlandyryjy güýç bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülýär. «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen ýörelge hakykat ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sport we bedenterbiýäni giň

Awazada dynç almagyň düzgünlerini berjaý ediň!

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildiren raýatlar syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan ýollamanamalary almalydyrlar. Awazada dynç almagyň tertibine laýyklykda, ýollamanama alandan soň, raýatlar welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen ýörite ýerlerde COVID-19-a garşy sanjym etdirmeli. Uly ýaşly raýatlara degişli sanjym alandygyny, soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçendigini, 18 ýaşdan kiçi raýatlara soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigini we test tabşyrandygyny tassyklaýan resminama berler.

«Arçman» raýatlaryň hyzmatynda

Welaýatymyzyň çäginde raýatlara ýokary hilli bejeriş we dikeldiş hyzmatlaryny amala aşyrýan şypahanalaryň birnäçesi hereket edýär. Şeýle şypahanalaryň hatarynda Bäherden etrabynyň çägindäki «Arçman» şypahanasyny agzamak has-da ýakymlydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ynsanlaryň saglygyny berkitmek babatdaky tagallalaryna saldamly goşant goşýan bu şypahana diňe bir eziz Diýarymyzda däl, daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýe bolan saglygy bejeriş, sagaldyş we dikeldiş toplumlaryň biridir. Köpetdagyň Degirmendag diýen ýeriniň eteginde, deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýän şypahana bir asyrdan gowrak wagt bäri adamlara göwnejaý sagaldyş-dikeldiş hyzmatlaryny amala aşyryp gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, täze taryhy döwrümizde, has takygy, 2009-njy ýylda şypahananyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze binasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, ozalky hereket edýän binasynyň durkunyň täzelenmegi ol ýerde raýatlara edilýän hyzmatlaryň hiline we derejesine oňaýly täsirini ýetirdi. Bu bolsa, şypahananyň meşhurlygyny artdyryp, ol ýere gelýänleriň sanynyň köpelmegine getirdi.

Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ilatyň saglygyny goramak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanmagy hem-de ýurdumyzyň melhem suwlary we howasy bilen dünýä belli şypahanalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanmagyny üpjün etmek hem-de raýatlarymyza şypahanalarda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollanmalaryň bahalarynyň tassyklanmagy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini has-da begendirdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ilatyň jan saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine ajaýyp zamanamyzda ak ýürekden zähmet çekmäge itergi berýär hem-de olaryň öňünde uly wezipeleri goýýar. Şol wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň ählisinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurt Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen beýleki ugurlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi. Halkara derejesinde enjamlaşdyrylyp, ulanylmaga berlen hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, köp sanly sagaldyş

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

“Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu bolsa adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagyna, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Il-halkymyzyň sagdyn, abadan durmuşyny nazarlaýan işlere ýygy-ýygydan şaýat bolýarys. Geçen aýda Tatarystanyň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen “Ansat” dikuçarlarynyň getirilendigi ildeşlerimiziň ýadyndadyr. Ine, ýakynda bolsa olaryň üstüni Kazanyň dikuçar zawodynda öndürilen hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin niýetlenen “Mi-17-1W” kysymly dikuçarlar ýetirdi.

Awaza: bosagada — möhüm möwsüm

Tomusky dynç alyş möwsümi barha golaýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek baradaky tagallalary netijesinde, ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyşda bolup bilerler. Awazada dynç almagyň tertibi barada aşakdakylary ýatladýarys:

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibi

1. Dynç almaga gitmek üçin degişli lukmançylyk barlagyndan geçip, saglyk kepilnamasyny almaly. Lukmançylyk barlagyndan geçilýärkä, şeýle hem gidilende we gaýdylanda, 72 sagadyň dowamynda COVID-19-yň test barlagyndan geçmeli. Ýaşy 18-den ýokary raýatlar gitmezinden 10 gün öň ýollanma hatlaryny alandan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjymy almalydyr. 2. «Awaza» şypahanasynda bejergi almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň, raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berlen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, COVID-19-a garşy sanjym alandygy barada kepilnamasynyň hem-de aýratyn görkezmä çenli gidilende we gaýdylanda, COVID-19-yň test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň bolmagy hökmandyr.

Ýurdumyzyň şypahanalary raýatlara garaşýar

Häzirki wagtda Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelent-ligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesilleriň sagdyn we ruhubelent ösmegini üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Diýarymyzda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilip, raýatlaryň saglygyny dikeltmegi we dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa ýurdumyzdaky ähli amatlyklary we mümkinçilikleri özünde jemleýän döwrebap şypahanalar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Awaza — ertekiden zyýada

Hormatly Prezidentimiz 14-nji maýda Balkan welaýatynda iş sapary bilen boldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşanda döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine aýratyn ünsi çekdi. Şunda deňiz kenarynda amatly dynç alyş şertlerini döretmek, adamlaryň saglygyna oňyn täsiri bolan ýagdaýlary göz öňünde tutmak, myhmanhanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň arassaçylyk derejesini üns merkezinde saklamak, bu ugurda wagyz-nesihat we düşündiriş çärelerini döwrebap guramak barada tabşyryklar berildi. Şu günlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň ýerlerdäki ilkinji guramalary tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen, dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy çäreleri geçirmäge aýratyn üns berýärler.

Fiziki işjeňligiň ähmiýeti

Her bir adamyň ýaşyna garamazdan hereketde bolmagy adam saglygy üçin peýdalydyr. Adam günde hereketde bolsa, bu onuň işe ukyplylygyny, immuna ulgamyny berkidýär. Tigir sürmek — dem alyş agzalarynyň işini kadalaşdyrýar hem-de tutuş bedeniň, aýak myşsalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar.

Lukman maslahat berýär

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Açyk howada dowamly pyýada ýöremek, şeýle hem welosiped sürmek adam süňňüniň işjeňleşmegine, nerw ulgamynyň rahatlanmagyna, netijede, beden we ruhy sagdynlyga şert döredýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibi

1. Dynç almaga gitmek üçin degişli lukmançylyk barlagyndan geçip, saglyk kepilnamasyny almaly. Lukmançylyk barlagyndan geçilýärkä, şeýle hem gidilende we gaýdylanda, 72 sagadyň dowamynda COVID-19-yň test barlagyndan geçmeli. Ýaşy 18-den ýokary raýatlar gitmezinden 10 gün öň ýollanma hatlaryny alandan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjymy almalydyr. 2. «Awaza» şypahanasynda bejergi almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň, raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berlen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, COVID-19-a garşy sanjym alandygy barada kepilnamasynyň hem-de aýratyn görkezmä çenli gidilende we gaýdylanda, COVID-19-yň test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň bolmagy hökmandyr.

Lukmanyň maslahaty

Şu günler howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli, agyz-burun örtüklerini dakynmak, bellenilen howpsuz aralygy saklamak we pasla görä geýinmek maslahat berilýär.

“Bagabada” barsaň, zamanabap şypahana garşylar

Halkymyzda «Il agzy — keramat» diýen paýhasly jümle bar. Bu jelegaýyň waspy-owazasy heňňamlara siňip gidipdir. Görenler, üstünden geçip gidenler, bu ýeri mesgen tutanlar «Bagabat» adynyň «Bagy-bossanly mekan» diýen manydadygyny ýanjap-ýanjap aýdypdyrlar. Ýanjamaz ýaly hem däl. Jülgäniň egremçe ýasaýan ýerinden ötýäň welin, howasynyň täzelenenini derrew duýaýýaň. Şol wagt gulakda galan rowaýat ýene ýada düşüp gidýär: ...Ýaşy asyrdan aşyp giden goja dikgirdäp ýör diýýä. Asyl başyna baran işinem owuş-mowuş ediberýär welin, jahyl ýigitlerem gujuryna haýran bolup, gözlerini tegeleşip duran. Munuň syryny sorasalar:

Aklygyň hem Sagdynlygyň mekany

Ak şäherimiz Aşgabatda eýýäm ençeme günden bäri dowam edýän, paýtagtymyzyň esaslandyrylan gününi hem öz içine aljak möhüm ekologiýa çäresi — awtoulagsyz günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaşaýan ildeşlerimiz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Çünki ekologiýany goramak şu günümiziň we geljegimiziň abadançylygyny goramakdyr. Bir çäkde ýekeje gün ulaglaryň hereketiniň çäklendirilmeginiň ekologiýa uly peýdasynyň bardygy ählimize mälimdir. Munuň üçin ylmy delillere ýüzlenmegiň hajaty hem ýok. Geçen ýyl neşirleriň birinde koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň ekologiýa oňyn täsirini ýetirip, dünýäniň iň beýik dagy bolan Gimalaýyň üstündäki garlaryň telim ýyldan soňra ýerden görnendigi baradaky habary okapdym. Bu görnüşiň görnen şäherinde çäklendirmeler sebäpli önümçilik kärhanalarynyň işi wagtlaýyn togtadylyp, awtoulaglaryň hereketi ýatyrylan ekeni. Nygtajak bolýan zadym, bary-ýogy birküç günlük şeýle çäre ekologiýa ynanylmaz derejede täsirini ýetirip bilýän bolsa, Aşgabatda yglan edilen iki hepdelik çäräniň ähmiýetini özüňiz ölçerip görüberiň!

Tudananyň peýdasy

Il içinde gowy görlüp iýilýän, esasan-da, çagalaryň söýgüli nygmaty bolan tudana diňe bir süýji tagamy bilen däl, eýsem, saglyga peýdasy bilen hem tanalýar. Ol, köplenç, buzgaýmaklara we süýjülik tortlaryna tagam bermekde, dürli şerbetleri taýýarlamakda ulanylýar. Tudana düzüminde birnäçe witaminleri we minerallary saklaýandygy üçin iň oňat miweleriň biri hasaplanýar. Onuň düzüminde glýukoza, fruktoza, organiki kislotalar, efir ýagy, C, E, K, PP witaminleri, B witaminler toplumy we karotin bar. Şeýle-de, ol düzüminde kalsiý, natriý, magniý, fosfor, kaliý, sink, mis we demir ýaly ýokumlary saklaýar. Tudana dürli keselleri bejermekde peýdaly miwedir. Beloklara, uglewodlara, kletçatkalara baý bolan tudana ganazlykda we bedeniň alyş-çalyş işini dikeltmekde ulanylýar. Şeýle hem, bu miwe öthaltanyň ýollarynyň näsazlygynda we garyn-içege kesellerinde has-da peýdalydyr. Ol dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, agyz boşlugynda döreýän ýaralarda, peşew çykarmakda, üsgülewükde, öýken kesellerinde, bronhitde we böwrek näsazlyklarynda hem şypalydyr. Maddalaryň çalyşmasynyň näsazlygynda, ýag ýygnamakda, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde tudana iýmek maslahat berilýär. Tudana düzüminde köp mukdarda fosfor bardygy sebäpli, göwreli zenanlar, talyplar we ylym bilen meşgullanýanl