Sagdyn durmuş ýörelgeleri

24 Maý 2021
712

Saglyk tebigat bilen ýaşaýşyň sazlaşygynyň netijesi, ynsan ömrüniň bezegi, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Maşgala abadançylygy, jemgyýetiň sagdynlygy, döwletiň kuwwatlanmagy, gülläp ösmegi, halkyň, aýratyn hem, ýaş nesliň saglygyna baglydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi adamyň bedeniniň ösüşini gowulandyrýar, kesellerden goranmak ukybyny güýçlendirýär, ömrüni uzaldýar. Ýaş nesliň bilimli, ylymly bolmagy, beden hem-de ruhy taýdan sagdynlygy, ahlaklylygy, ynsanperwerligi, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi — bular döwletiň bagtyýarlygy we ýagty geljegi. Ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, öz maşgalasyna, ýaşaýan jemgyýetine, Watanyna wepaly, il-güni, ýurdy üçin peýdaly işlere ukyply, durmuşyň gözelliklerinden lezzet almagy, sagdyn durmuş endiklerine eýe bolmagy başarýan şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek her bir maşgalanyň mukaddes borjudyr.

Hormatly Prezidentimiziň beden saglygyny berkitmekde görkezýän şahsy göreldesi ýaş nesil üçin hem ruhlandyryjy güýç bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülýär. «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen ýörelge hakykat ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sport we bedenterbiýäni giň gerim bilen ösdürmek babatda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy sagdyn nesliň kemala getirilmegine hem-de ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna şert döredýär.

Kerim SAPARGULYÝEW,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar