Möhüm işiň ähmiýeti

24 Maý 2021
802

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlarymyzyň saglygyny ýokanç kesellerden goramak, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen derwaýys işler amala aşyrylýar. Arkadag Prezidentimiziň “Ynsan saglygyny we ömrüni goramak biziň baş maksadymyzdyr” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri hem jemgyýetçilik guramalary, lukmanlar bilen bilelikde raýatlaryň arasynda bolup, keselleriň öňüni almak barada zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Hut şol maksat bilen etrabymyzyň ähli ýerinde arassaçylyk düzgünleri dogry hem berk berjaý edilýär.

Bu günki gün halkymyzyň saglygyny goramak bilen dünýäde dörän ýiti respirator ýokanç keseliniň ynsan ömrüne howp salýandygy barada düşündirýäris. Lukmanlaryň gatnaşmaklarynda ýaşlarymyza ynsan saglygy, sport bilen meşgullanmak, kadaly iýmitlenmegiň, zähmetdir dynç alşyň tertibini saklamak bilen baglanyşykly arassaçylyk, şahsy gigiýena barada maslahat berýäris. Bu derwaýys işler, etrabymyzyň 1,2,3,7-nji orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary bilen geçirildi. Çünki, her bir adamyň kadaly iýmitlenmeginiň onuň saglygyny doly we dogry üpjün etmekde täsiri uludyr. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi gerim alýar.

Beýleki habarlar