Ýatdan çykmajak günleriň bosagasynda

24 Maý 2021
895

Keremli topragymyzda jana şypaly mekanlar, müň bir derde derman şypahanalar we gözel tebigatly ýerler barmak büküp sanardan kän. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ildeşlerimiziň uly höwes bilen dynç alyp, saglyklaryny dikeldýän ýerleriniň naýbaşysydyr. Gojaman Hazaryň merjen kenarynda sanlyja ýylyň dowamynda döredilen jenneti mekan bagtyýar zamanamyzyň bagtly raýatlarynyň we ýurdumyza ýakyn-u-alys illerden myhman bolup gelýänleriň dynç alyş möwsümini ýatdan çykmajak pursatlara öwürýär.

Ildeşlerimiziň bagtyýar zamananyň hözirini görüp, döredijilikli zähmet çekmegi we medeniýetli dynç almagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz 14-nji maýda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisini geçirip, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly degişli ýolbaşçylaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Bizem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak we işlemek isleýänlere bildirilýän talaplar hem-de tomusky dynç alyş möwsümini bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, alnyp baryljak çäreler baradaky maglumatlary okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.

«Watan».
Beýleki habarlar