Aklygyň hem Sagdynlygyň mekany

21 Maý 2021
1105

Ak şäherimiz Aşgabatda eýýäm ençeme günden bäri dowam edýän, paýtagtymyzyň esaslandyrylan gününi hem öz içine aljak möhüm ekologiýa çäresi — awtoulagsyz günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaşaýan ildeşlerimiz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Çünki ekologiýany goramak şu günümiziň we geljegimiziň abadançylygyny goramakdyr.

Bir çäkde ýekeje gün ulaglaryň hereketiniň çäklendirilmeginiň ekologiýa uly peýdasynyň bardygy ählimize mälimdir. Munuň üçin ylmy delillere ýüzlenmegiň hajaty hem ýok. Geçen ýyl neşirleriň birinde koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň ekologiýa oňyn täsirini ýetirip, dünýäniň iň beýik dagy bolan Gimalaýyň üstündäki garlaryň telim ýyldan soňra ýerden görnendigi baradaky habary okapdym. Bu görnüşiň görnen şäherinde çäklendirmeler sebäpli önümçilik kärhanalarynyň işi wagtlaýyn togtadylyp, awtoulaglaryň hereketi ýatyrylan ekeni. Nygtajak bolýan zadym, bary-ýogy birküç günlük şeýle çäre ekologiýa ynanylmaz derejede täsirini ýetirip bilýän bolsa, Aşgabatda yglan edilen iki hepdelik çäräniň ähmiýetini özüňiz ölçerip görüberiň!

Batyr ABDYLLAÝEW,
Dänew etrabynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar