Awaza — ertekiden zyýada

21 Maý 2021
1068

Hormatly Prezidentimiz 14-nji maýda Balkan welaýatynda iş sapary bilen boldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşanda döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine aýratyn ünsi çekdi. Şunda deňiz kenarynda amatly dynç alyş şertlerini döretmek, adamlaryň saglygyna oňyn täsiri bolan ýagdaýlary göz öňünde tutmak, myhmanhanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň arassaçylyk derejesini üns merkezinde saklamak, bu ugurda wagyz-nesihat we düşündiriş çärelerini döwrebap guramak barada tabşyryklar berildi.

Şu günlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň ýerlerdäki ilkinji guramalary tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen, dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy çäreleri geçirmäge aýratyn üns berýärler.

Bibiaýşa SAPAROWA,
TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar