«Arçman» raýatlaryň hyzmatynda

23 Maý 2021
934

Welaýatymyzyň çäginde raýatlara ýokary hilli bejeriş we dikeldiş hyzmatlaryny amala aşyrýan şypahanalaryň birnäçesi hereket edýär. Şeýle şypahanalaryň hatarynda Bäherden etrabynyň çägindäki «Arçman» şypahanasyny agzamak has-da ýakymlydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ynsanlaryň saglygyny berkitmek babatdaky tagallalaryna saldamly goşant goşýan bu şypahana diňe bir eziz Diýarymyzda däl, daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýe bolan saglygy bejeriş, sagaldyş we dikeldiş toplumlaryň biridir. Köpetdagyň Degirmendag diýen ýeriniň eteginde, deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýän şypahana bir asyrdan gowrak wagt bäri adamlara göwnejaý sagaldyş-dikeldiş hyzmatlaryny amala aşyryp gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, täze taryhy döwrümizde, has takygy, 2009-njy ýylda şypahananyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze binasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, ozalky hereket edýän binasynyň durkunyň täzelenmegi ol ýerde raýatlara edilýän hyzmatlaryň hiline we derejesine oňaýly täsirini ýetirdi. Bu bolsa, şypahananyň meşhurlygyny artdyryp, ol ýere gelýänleriň sanynyň köpelmegine getirdi.

Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar