Tudananyň peýdasy

21 Maý 2021
1293

Il içinde gowy görlüp iýilýän, esasan-da, çagalaryň söýgüli nygmaty bolan tudana diňe bir süýji tagamy bilen däl, eýsem, saglyga peýdasy bilen hem tanalýar. Ol, köplenç, buzgaýmaklara we süýjülik tortlaryna tagam bermekde, dürli şerbetleri taýýarlamakda ulanylýar. Tudana düzüminde birnäçe witaminleri we minerallary saklaýandygy üçin iň oňat miweleriň biri hasaplanýar. Onuň düzüminde glýukoza, fruktoza, organiki kislotalar, efir ýagy, C, E, K, PP witaminleri, B witaminler toplumy we karotin bar. Şeýle-de, ol düzüminde kalsiý, natriý, magniý, fosfor, kaliý, sink, mis we demir ýaly ýokumlary saklaýar. Tudana dürli keselleri bejermekde peýdaly miwedir.

Beloklara, uglewodlara, kletçatkalara baý bolan tudana ganazlykda we bedeniň alyş-çalyş işini dikeltmekde ulanylýar. Şeýle hem, bu miwe öthaltanyň ýollarynyň näsazlygynda we garyn-içege kesellerinde has-da peýdalydyr. Ol dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, agyz boşlugynda döreýän ýaralarda, peşew çykarmakda, üsgülewükde, öýken kesellerinde, bronhitde we böwrek näsazlyklarynda hem şypalydyr. Maddalaryň çalyşmasynyň näsazlygynda, ýag ýygnamakda, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde tudana iýmek maslahat berilýär. Tudana düzüminde köp mukdarda fosfor bardygy sebäpli, göwreli zenanlar, talyplar we ylym bilen meşgullanýanlar üçin tapylgysyz nygmatdyr. Tudananyň düzümindäki karotin, C we E witaminler güýçli tebigy antioksidantlar hasaplanyp, bedeni köp sanly nähoşluklardan goraýar.

Beýleki habarlar