"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Türkmenistanlylaryň saglygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

28-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly, tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesow hem-de bu merkeziň ýolbaşçysynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazow gatnaşdylar. Milli Liderimiz, ilki bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesowyň hasabatyny diňledi.

Lukmanyň maslahaty

ÇAGALARDA ÝITI RESPIRATOR ÝOKANJYNYŇ ÖŇÜNI ALMAGYŇ ÝOLLARY Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda her bir çaganyň hemmetaraplaýyn abadan maşgalada dogulmagy, sagdyn ösüp ulalmagy, asylly terbiýe almagy, geljekde akylly, düşünjeli, giň gözýetimli, sowatly adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Azyk önümleri arassa bolsun!

Azyk önümlerinden adamlaryň zäherlenýän wagtlary seýrek hem bolsa duş gelinýän hadysadyr. Eýsem, adamlaryň zäherlenmegine sebäp bolýan mikroblar azyk önümlerine nähili aralaşýar? Çig etde, balykda, ördekleriň we gazlaryň ýumurtgalarynda, süýtde adamlaryň zäherlenmegi sebäp bolýan mikroblaryň bolmagy mümkin. Şöhlat, peýnir, gowrulan balyk, bişirilen et ýaly önümler taýýarlanylan wagtynda zäherli mikroblaryň ýeňillik bilen aralaşmagy mümkin. Şonuň ýaly-da, gap-gaçlaryň, et we beýleki önümleri kesmek, çapmak üçin aşhanada ulanylýan dürli enjamlaryň nädogry saklanylmagy netijesinde hem zäherli mikroblar azyk önümlerine aralaşyp bilerler. Şonuň üçin azyk önümleri taýýarlanylan wagtynda öý bikeleri we bu işe gatnaşýan beýleki adamlar örän ägä bolmalydyrlar. Olar ellerini oňat ýuwmalydyrlar. Eger-de olaryň ellerinde pyçak kesen ýerleri bolsa, ýa-da ýanan, iriňlän ýara bolsa bu işe örän seresaply çemeleşmek gerek. Azyk önümlerini açyk görnüşde, saçakçylaryň, siňekleriň, syçanlaryň peýda bolýan ýerlerinde saklamak adamlarda azyk önümlerinden zäherlenme keseliniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Çünki şeýle mikroblaryň ýaşamagy, köpelmegi üçin çyglylyk zerur bolýar, şol çyglylyk bolsa agzalan azyk önümlerinde köpdür. Mikroblaryň köpelmegi üçin to

Il saglygy — ýurt baýlygy

Başymyzyň täji Ynsan saglygy hakyndaky alada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe wajyp meselä öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, olary durmuşa ornaşdyrmak baradaky tagallalaryndan ugur alnyp, her ýylyň maý aýynda “Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreşmekligiň» biraýlygy yglan edilýär. Biraýlygyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň onkologiýa ylmy-kliniki merkezi welaýat onkologiýa hassahanasy bilen bilelikde ilatyň arasynda, jemgyýetçilik guramalarynda bolup, öýkeniň howply täze döremeleriniň öňüni almagyň we ir ýüze çykarmaklygyň wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Halkyň saglygyny goramagy ýokary derejelere çykarmak bilen bagly tutumly işlere badalga berilýär.

Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni mynasybetli welaýatymyzyň hukuk goraýjy edaralary, saglygy goraýyş edaralary hem-de jemgyýetilik guramalary tarapyndan wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri-de welaýat Polisiýa müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde boldy. Oňa welaýat merkezindäki N.Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarydyr mugallymlary gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmak, ähli taraplaýyn sagdyn, berk bedenli nesli kemala getirmek, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş neslimizi ata-babalarymyzyň bize miras goýan asyllylyk, päk ýüreklilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrunda uly tagalla edilýär. Zyýanly endiklere garşy göreşmek, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalarynyň jemgyýetimizde berk ornaşmagyny gazanmak bu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, şu günler ýerlerde geçirilýän wagyz-nesihat çäreler çilimkeşligiň, temmäki tüssesiniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany barada ildeşlerimize gürrüň berilýär.

Il saglygy – ýurt baýlygy

28-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesow hem-de bu merkeziň ýolbaşçysynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazow gatnaşdylar. Milli Liderimiz ilki bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesowyň hasabatyny diňledi.

Gün urmakdan goranyň!

Güneşli Diýarymyza tomsuň jöwzaly yssy günleri ýetip geldi. Tomusda Günüň çogly nurunyň adam bedenine edýän täsirleri dürli-dürlüdir. Onuň adam bedenine zyýanly täsirini ýetirip biljek hadysalarynyň biri-de, Gün urmadyr. Bu hadysa Gün şöhleleriniň gönüden-göni beýnä täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Gün urmanyň ilkinji alamatlary uzak wagt Günüň aşagynda bolnandan 2 – 10 sagatdan soň ýüze çykýar. Ilkibada umumy ysgynsyzlyk, kellagyry, başyň aýlanmagy, gulagyň şaňlamagy, gözüň garaňkylamagy ýaly alamatlar döreýär. Gün uran adamy howa ýetmeýän ýaly duýgy gurşap alýar, ýüregi çalt urup başlaýar, güýçli teşneligi duýýar. Agyr ýagdaýlarda adamyň ýüzi gögerip, dem alşy kynlaşýar we adam huşuny ýitirýär. Bedeniň gyzgynlygy ýokarlanýar. Şeýle ýagdaýlarda hökman lukmana ýüz tutmaly.

Gün şöhlesiniň täsiri

Tomus paslynyň ýakynlaşmagy bilen Gün şöhlesi has-da ýiti bolýar. Gün — saglygyň tebigy çeşmesi. Säher turup Günüň dogşuny synlaň! Jahanyň ýagtylyp, Günüň dogup gelşini synlamagyň özboluşly täsiri bardyr. Emma Günüň ýiti şöhleleriniň aşagynda adamlara, ylaýta-da çagalara uzak wagtlap durmak, gezmek, oýnamak howpludyr. Eger-de Gün şöhlesi bilen çaganyň bedenini taplamak isleseňiz, onda ony açyk howada ir bilen hem-de öýleden soň gezdirip bilersiňiz. Çagalar güneşli howada gezdirilende, olaryň endamy Güne ýanmaly däldir. Hökman ýeňiljek başgap, egin-baş geýdirilen bolmalydyr. Kiçi ýaşly çagalary ýiti Gün şöhleleri düşýän ýere çykarmak maslahat berilmeýär.

Çagalar, şu düzgünleri berk berjaý etmegi unutmaň!

Çagalar, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagyňyz üçin ýerine ýetirmeli zerur arassaçylyk düzgünleri bardyr. Olary berk berjaý etmek bolsa hemmäňiziň borjuňyzdyr. Ilkinji nobatda irden turanyňyzda, elleriňizi, ýüzüňizi, dişleriňizi ýuwmaly;

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 28-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly, tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesow hem-de bu merkeziň ýolbaşçysynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazow gatnaşdylar. Milli Liderimiz, ilki bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesowyň hasabatyny diňledi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna görä ösdürilýär, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işleri hem toplumlaýyn esasda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Awazada dynç almagyň düzgünlerini berjaý ediň!

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildiren raýatlar syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan ýollamanamalary almalydyrlar. Awazada dynç almagyň tertibine laýyklykda, ýollamanama alandan soň, raýatlar welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen ýörite ýerlerde COVID-19-a garşy sanjym etdirmeli. Uly ýaşly raýatlara degişli sanjym alandygyny, soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçendigini, 18 ýaşdan kiçi raýatlara soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigini we test tabşyrandygyny tassyklaýan resminama berler.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Sagdyn jemgyýet ― bagtyýar geljek

Ynsan saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz il-ulsumyzyň erkana durmuşda bagtyýar, sagdyn ýaşamagy üçin taýsyz tagalla edýär. Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez sahawaty bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň halkyň hyzmatyna berilmegi bolsa erkana ýurdumyzda ynsan saglygy, raýatlaryň asuda ýurtda bagtyýar, ruhubelent ömür sürmekleri ugrunda edilýän ilkinji aladalardyr. Döwletimizde maşgala lukmançylygynyň kämilleşdirilen ulgamynyň döredilmegi, ýurdumyzyň keselleriň öňüni alyş edaralarynyň, şypahanalaryň sanynyň artmagy, olaryň maddy-tehniki üpjünçiliginiň kämilleşdirilmegi we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň birkemsiz berjaý edilmegi bolsa gönüden-göni soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmegiň bir bölegini düzýär. «Saglygyň gadyryny bilgin, hasta bolmasdan burun» diýlen çuň pähim-parasada uýýan eziz halkymyz saglygyň sarpasyny hemme zatdan belentde tutup, bu ugurdaky tagallalara öz mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýar. Çünki biziň her birimiz bu meselä içgin çemeleşmek bilen diňe bir özümiziň ýa-da ýakynlarymyzyň däl, eýsem, jemgyýetiň we nesilleriň bagtyýar geljeginiň-de berkarar bolmagyna oňyn täsirimizi ýetirýäris. Bu babatda hormatl

Lukmanyň maslahaty

Şu günler howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli, agyz-burun örtüklerini dakynmak, bellenilen howpsuz aralygy saklamak we pasla görä geýinmek maslahat berilýär.

31-nji maý — Bütindünýä temmäkä garşy göreş güni

IL SAGLYGY — BAŞ ALADA«Türkmenistanyň Prezidentiniň Saglyk Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerine ýetirmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllarda edilmeli işleriň meýilnamasyny», şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasyny, «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek boýunça, Türkmenistanda ýokanç däl kesellere, olaryň agramly bölegini düzýän howply täze döremelere garşy netijeli göreş alnyp barylýar. Muňa milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 14-nji aprelinde geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» kabul eden Karary hem şaýatlyk edýär. Munuň özi jemgyýetiň saglygyna howp salýan çilimkeşlige garşy göreşi has netijeli, yzygiderli we köpçülik bilen amala aşyrmak boýunça gönükdirilen ýene-de bir ugrukdyryjy badalga bold

Saglygym — baş baýlygym

Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň Medeniýet öýünde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — ynsan kalbynyň göreldesi» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Ak bugdaý etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat we etrap komitetleriniň, etrabyň medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda bolan maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri hem-de partiýa işjeňleri gatnaşdy. Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri Araphan Erniýazow çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleri, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, şeýle-de ynsan saglygy we bagtyýar durmuşy ugrundaky taýsyz tagallalar barada gürrüň berdi. Onuň belleýşi ýaly, täze taryhy döwürde saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde häzirki zaman saglygy goraýyş maksatly desgalar gurulýar, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalanýar. Munuň özi keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde, ynsan saglygyny berkitmekde gowy netijeleriň gazanylmagyna itergi bolýar.

Lukmanyň maslahaty

Agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly. * * *

Injir — datly derman

Injir agajynyň näzik, ynjyk bolşy ýaly, onuň miwesi-de diýseň süýji. Bu agajy mümkin boldugyndan köp ekip, onuň miwesiniň iýmitiňizde hemişe bolup durmagy ýüz keşbiňizden başlap ýürek-damar ulgamyna çenli sagdyn bolmagynyň kepili diýsek, sähelçe-de öte geçildigi bolmaz. Terje injiriň wagtly-wagtynda iýilmegi deriniň ýagdaýyny gowulaýar, ýüzi durlaýar, saçy sagdyn we öwşün atyp duran görnüşe getirýär. Bu zatlary injiriň düzüminde adamyň derisini iýmitlendirýän omega turşularynyň diýseň kän bolmagy sebäpli şeýle bolýar. Injir ýadawlygy, ysgynsyzlygy, sussupesligi aýyrmakda-da peýdalydyr. Biziň ýurdumyzda ösýän injirleriň ähli görnüşleri-de diýseň süýjüligi bilen tapawutlanýar. Ol süýjüligi sebäpli, derrew ýüregiňe degmek bilen bolýar. Ýöne şondan kän wagt geçmänkä-de ajykdyrýar. Sebäbi injir iýmit siňdirilişi gowulaýar. Lukmanlar injiriň bedendäki beloklary amminoturşulara öwürýändigi sebäpli, onuň agramy azaltmaga-da uly täsirini ýetirýändigini belleýärler.

Sagdyn durmuşda ýaşalyň

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz buýsançly gadamlar bilen öňe barýar. Bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, asudalygyň höküm sürýän zamanasynda ilatyň saglygy we abadançylygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzda şu günki we geljekki nesillerimiziň saglygyna, sagdynlygyna, maşgala bitewüligine düýpli täsir edýän, türkmen jemgyýetine mahsus bolmadyk zyýanly endiklere garşy göreşmek babatdaky alyp barýan möhüm çözgütleri halkymyzyň arasynda uly goldaw tapýar. Esasan-da, bu ugurdaky göreşiň köpçülikleýin esasda alnyp barylmagy aýratyn häsiýete eýe bolmak bilen, özüniň oňyn netijesini berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy göreş berk kanunçylyk esasynda aýgytly alnyp barylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirýän her bir Döwlet howpsuzlyk geňeşinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň öňünde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sagdyn nesli kemala getirmek maksady bilen möhüm wezipeler kesgitlenilip, bu ugurdaky geçirilmeli işleriň kanunçylyk esasynda alnyp barylmalydygy dogrusynda hem an

Sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti

Adama ýaşamak üçin iýmitlenmek gerek. Beden kuwwatlylyk çeşmesine mätäç bolup, öwezini iýmitiň hasabyna doldurmaly bolýar. Şeýle hem iýmit önümleri bedende dogry alyş-çalşa ýardam berýär. Bu çylşyrymly alyş-çalyş işinde hökman deňagramlylyk saklanmalydyr. Onuň bozulan ýagdaýynda, ilki bilen agzalaryň işiniň üýtgemegi ýüze çykyp, soňra bolsa keseller döräp başlaýarlar. Bedeniň içki gurşawyny sagdyn saklamak we ony goramak bilen, ateroskleroz keseliniň, nerw-psihiki bozulmalaryň we newroz ýaly keselleriň öňüni alyp, bedeniň ýokançlyklara durnuklylygyny ýokarlandyryp bolýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, adamyň uzak ýaşamagynyň we sagdyn bolmagynyň 60 göterimi onuň ýaşaýyş ýörelgesine we iýmitlenişine, 15 göterimi nesilden-nesle geçijilige, 10 göterimi bolsa saglygy goraýyş ulgamynyň hyzmatlaryna baglydyr. Şol sebäpden saglygynyň aladasyny edýän adamlar beloklara, uglewodlara we dürli mikroelementlere baý bolan iýmitler bilen iýmitlenmäge çalyşýarlar.