Il saglygy — ýurt baýlygy

31 Maý 2021
723

Başymyzyň täji

Ynsan saglygy hakyndaky alada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe wajyp meselä öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, olary durmuşa ornaşdyrmak baradaky tagallalaryndan ugur alnyp, her ýylyň maý aýynda “Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreşmekligiň» biraýlygy yglan edilýär. Biraýlygyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň onkologiýa ylmy-kliniki merkezi welaýat onkologiýa hassahanasy bilen bilelikde ilatyň arasynda, jemgyýetçilik guramalarynda bolup, öýkeniň howply täze döremeleriniň öňüni almagyň we ir ýüze çykarmaklygyň wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Halkyň saglygyny goramagy ýokary derejelere çykarmak bilen bagly tutumly işlere badalga berilýär.

Beýleki habarlar