Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

31 Maý 2021
715

Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni mynasybetli welaýatymyzyň hukuk goraýjy edaralary, saglygy goraýyş edaralary hem-de jemgyýetilik guramalary tarapyndan wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri-de welaýat Polisiýa müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde boldy. Oňa welaýat merkezindäki N.Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarydyr mugallymlary gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmak, ähli taraplaýyn sagdyn, berk bedenli nesli kemala getirmek, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş neslimizi ata-babalarymyzyň bize miras goýan asyllylyk, päk ýüreklilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrunda uly tagalla edilýär. Zyýanly endiklere garşy göreşmek, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalarynyň jemgyýetimizde berk ornaşmagyny gazanmak bu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, şu günler ýerlerde geçirilýän wagyz-nesihat çäreler çilimkeşligiň, temmäki tüssesiniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany barada ildeşlerimize gürrüň berilýär.

Maksat ÇARYÝEW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri.
Beýleki habarlar