Sagdyn jemgyýet ― bagtyýar geljek

28 Maý 2021
772

Ynsan saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz il-ulsumyzyň erkana durmuşda bagtyýar, sagdyn ýaşamagy üçin taýsyz tagalla edýär. Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez sahawaty bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň halkyň hyzmatyna berilmegi bolsa erkana ýurdumyzda ynsan saglygy, raýatlaryň asuda ýurtda bagtyýar, ruhubelent ömür sürmekleri ugrunda edilýän ilkinji aladalardyr. Döwletimizde maşgala lukmançylygynyň kämilleşdirilen ulgamynyň döredilmegi, ýurdumyzyň keselleriň öňüni alyş edaralarynyň, şypahanalaryň sanynyň artmagy, olaryň maddy-tehniki üpjünçiliginiň kämilleşdirilmegi we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň birkemsiz berjaý edilmegi bolsa gönüden-göni soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmegiň bir bölegini düzýär.

«Saglygyň gadyryny bilgin, hasta bolmasdan burun» diýlen çuň pähim-parasada uýýan eziz halkymyz saglygyň sarpasyny hemme zatdan belentde tutup, bu ugurdaky tagallalara öz mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýar. Çünki biziň her birimiz bu meselä içgin çemeleşmek bilen diňe bir özümiziň ýa-da ýakynlarymyzyň däl, eýsem, jemgyýetiň we nesilleriň bagtyýar geljeginiň-de berkarar bolmagyna oňyn täsirimizi ýetirýäris. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň edýän aladalary bimöçberdir. Biz muňa ýakynda milli Liderimiziň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde degişli ulgamlaryň ýolbaşçylarynyň öňünde goýan anyk wezipeleriniň mysalynda ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz ildeşlerimiziň tomusky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen ýurdumyzyň şypahanalarynda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda degişli işleri öz wagtynda geçirmekligi tabşyrdy.

Leýla REÝIMBERDIÝEWA,
Saýat etrabynyň Sakar şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar