Saglygym — baş baýlygym

27 Maý 2021
763

Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň Medeniýet öýünde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — ynsan kalbynyň göreldesi» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Ak bugdaý etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat we etrap komitetleriniň, etrabyň medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda bolan maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri hem-de partiýa işjeňleri gatnaşdy.

Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri Araphan Erniýazow çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleri, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, şeýle-de ynsan saglygy we bagtyýar durmuşy ugrundaky taýsyz tagallalar barada gürrüň berdi. Onuň belleýşi ýaly, täze taryhy döwürde saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde häzirki zaman saglygy goraýyş maksatly desgalar gurulýar, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalanýar. Munuň özi keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde, ynsan saglygyny berkitmekde gowy netijeleriň gazanylmagyna itergi bolýar.

Agow GOWŞUDOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň bölüm müdiri. SURATLARDA: dabaraly maslahatdan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar