Injir — datly derman

27 Maý 2021
839

Injir agajynyň näzik, ynjyk bolşy ýaly, onuň miwesi-de diýseň süýji. Bu agajy mümkin boldugyndan köp ekip, onuň miwesiniň iýmitiňizde hemişe bolup durmagy ýüz keşbiňizden başlap ýürek-damar ulgamyna çenli sagdyn bolmagynyň kepili diýsek, sähelçe-de öte geçildigi bolmaz. Terje injiriň wagtly-wagtynda iýilmegi deriniň ýagdaýyny gowulaýar, ýüzi durlaýar, saçy sagdyn we öwşün atyp duran görnüşe getirýär. Bu zatlary injiriň düzüminde adamyň derisini iýmitlendirýän omega turşularynyň diýseň kän bolmagy sebäpli şeýle bolýar. Injir ýadawlygy, ysgynsyzlygy, sussupesligi aýyrmakda-da peýdalydyr.

Biziň ýurdumyzda ösýän injirleriň ähli görnüşleri-de diýseň süýjüligi bilen tapawutlanýar. Ol süýjüligi sebäpli, derrew ýüregiňe degmek bilen bolýar. Ýöne şondan kän wagt geçmänkä-de ajykdyrýar. Sebäbi injir iýmit siňdirilişi gowulaýar. Lukmanlar injiriň bedendäki beloklary amminoturşulara öwürýändigi sebäpli, onuň agramy azaltmaga-da uly täsirini ýetirýändigini belleýärler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Baýmuhammet ANNADURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar