Gün urmakdan goranyň!

30 Maý 2021
639

Güneşli Diýarymyza tomsuň jöwzaly yssy günleri ýetip geldi. Tomusda Günüň çogly nurunyň adam bedenine edýän täsirleri dürli-dürlüdir. Onuň adam bedenine zyýanly täsirini ýetirip biljek hadysalarynyň biri-de, Gün urmadyr. Bu hadysa Gün şöhleleriniň gönüden-göni beýnä täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar.

Gün urmanyň ilkinji alamatlary uzak wagt Günüň aşagynda bolnandan 2 – 10 sagatdan soň ýüze çykýar. Ilkibada umumy ysgynsyzlyk, kellagyry, başyň aýlanmagy, gulagyň şaňlamagy, gözüň garaňkylamagy ýaly alamatlar döreýär. Gün uran adamy howa ýetmeýän ýaly duýgy gurşap alýar, ýüregi çalt urup başlaýar, güýçli teşneligi duýýar. Agyr ýagdaýlarda adamyň ýüzi gögerip, dem alşy kynlaşýar we adam huşuny ýitirýär. Bedeniň gyzgynlygy ýokarlanýar. Şeýle ýagdaýlarda hökman lukmana ýüz tutmaly.

Patma KADYROWA,
Aşgabat şäherindäki 2-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar