Sagdyn durmuşda ýaşalyň

27 Maý 2021
775

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz buýsançly gadamlar bilen öňe barýar. Bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, asudalygyň höküm sürýän zamanasynda ilatyň saglygy we abadançylygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiziň ýurdumyzda şu günki we geljekki nesillerimiziň saglygyna, sagdynlygyna, maşgala bitewüligine düýpli täsir edýän, türkmen jemgyýetine mahsus bolmadyk zyýanly endiklere garşy göreşmek babatdaky alyp barýan möhüm çözgütleri halkymyzyň arasynda uly goldaw tapýar. Esasan-da, bu ugurdaky göreşiň köpçülikleýin esasda alnyp barylmagy aýratyn häsiýete eýe bolmak bilen, özüniň oňyn netijesini berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy göreş berk kanunçylyk esasynda aýgytly alnyp barylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirýän her bir Döwlet howpsuzlyk geňeşinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň öňünde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sagdyn nesli kemala getirmek maksady bilen möhüm wezipeler kesgitlenilip, bu ugurdaky geçirilmeli işleriň kanunçylyk esasynda alnyp barylmalydygy dogrusynda hem anyk tabşyryklary berýär.

Batyr BERKELIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar